Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň we Gazagystanyň prezidentleri duşuşyk geçirdi


Özbegistanyň we Gazagystanyň prezidentleri Şawkat Mirziýaýew we Nursoltan Nazarbaýew, Astana, 23-nji mart, 2017
Özbegistanyň we Gazagystanyň prezidentleri Şawkat Mirziýaýew we Nursoltan Nazarbaýew, Astana, 23-nji mart, 2017

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew geçen ýylda döwlet başyna geçeli bäri Gazagystana edýän ilkinji saparynyň dowamynda gazagystanly kärdeşi Nursoltan Nazarbaýew bilen gepleşik geçirdi.

Nazarbaýew 23-nji martda geçirilen gepleşiklerde eden çykyşynda Merkezi Aziýanyň iň uly iki ykdysadyýetiniň arasyndaky söwdanyň “iki tarapdan amala aşyrylan çäreler sebäpli soňky bäş aýyň dowamynda güýçlenendigini” aýtdy.

"Özbegistanyň täze ýolbaşçylygy arkaly özara söwdamyzyň möçberi 2016-njy ýylyň soňky çärýeginde 30% ýokarlandy” diýip, Nazarbaýew aýtdy.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň ölümi barada yglan edilmeginiň yzýany häkimiýet başyna geçen we dekabr aýynda prezident saýlanan Mirziýaýew öňki sowet respublikalary bilen gatnaşyklary gowulandyrmak ugrunda ädim ätýär.

Nazarbaýew “iki doganlyk ýurduň” hyzmatdaşlygynyň “ähmiýetini” nygtap geçdi.

Mirziýaýew Gazagystanyň we Özbegistanyň “regionda parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak boýunça uly jogapkärçiliginiň” bardygyny aýtdy.

Nazarbaýew 23-nji martda geçirilýän gazak-özbek biznes forumda umumy bahasy 1 milliard dollarlyk jemi 75 şertnama gol çekiljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG