Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistan: Hüjümde alty esgeriň, alty hüjümçiniň öldürlendigi aýdylýar


Demirgazyk Kawkazyň kartasy
Demirgazyk Kawkazyň kartasy

Orsýetiň habar agentlikleri milli gwardiýanyň alty esgeriniň we alty sany hüjümçiniň Çeçenistandaky harby bölüme edilen hüjümde öldürlendigini habar berdiler.

Maglumatlarda söweşijileriň 24-nji martda daňdan sagat 2:30-da güýçli dumandan peýdalanyp, harby bölüme girmäge synanyşandygy aýdylýar.

TASS agentliginiň ady agzalmadyk harby resmisine salgylanyp habar bermegine görä, alty esger söweşde wepat bolupdyr we üçüsi ýaralanypdyr. Bu, Çeçenistanda soňky wagtda bolan iň köp sanly adam pidaly wakadyr.

Demirgazyk Kawkazyň esasan musulman ilatly regiony Çeçenistan postsowet döwründe hökümet güýçleriniň we separatistleriň arasynda bolan iki sany urşy başdan geçirdi.

Çeçenistanda we Demirgazyk Kawkazyň beýleki respublikalarynda zorluklar gowşan hem bolsa, yslamçy gozgalaňçy hereketler saklanyp galýar.

XS
SM
MD
LG