Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň prezidenti Türkmenistana sapar eder


Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleri, Minsk, 11-nji maý, 2016.
Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleri, Minsk, 11-nji maý, 2016.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka 29-31-nji martda Türkmenistana sapar eder.

Media maglumatlaryna görä, belarus prezidentiniň saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynda gurulýan Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygy habar berilýär.

Türkmenistanyň Belarusyň kompaniýalary bilen 2010-njy ýylda baglaşan şertnamalaryna görä, bahasy 1 milliard dollardan ybarat kärhananyň 31-nji martda açyljakdygy resmi maglumatlarda habar berildi.

Iki ýurduň arasyndaky şertnama görä, kombinat 2015-njy ýylda gurlup gutarylmalydy. Bu mesele geçen ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda dawanyň tutaşmagyna sebäp bolupdy. Türkmenistan gurluşyk möhletini yza çekmekde Belarusy aýyplady, Belarus türkmen tarapyny hasaplaşygy wagtynda berjaý etmezlikde günäledi.

Türkmenistan Garlykdaky kombinatda ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmegi planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG