Sepleriň elýeterliligi

Ermenistanyň häkimiýet başyndaky “Respublikan partiýasy” saýlawlarda ýeňiş gazandy


Ermenistanyň birinji prezidenti Lewon Ter-Petrosian ses berýär, Ýerewan, 2-nji aprel, 2017.

Resmi netijeler Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisianyň häkimiýet başyndaky “Respublikan partiýasynyň” 2-nji aprelde geçirilen parlament saýlawlarynda sesleriň 50% töweregini toplap, ýeňiş gazanandygyny görkezýär.

Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň 3-nji aprelde irden aýtmagyna görä, saýlaw nokatlarynyň ýarsyndan gowragynda sesleriň sanalmagynyň netijeleri Respublikan partiýasynyň 50.43 ses toplap, orsýetçi tütjar Gagik Tsarukianyň sesleriň 28.29% toplan merkezçi “Tsarukian bileleşiginden” öňde barýandygyny görkezdi.

“Saýlawlaryň deslapky netijelerine görä, ‘Respublikan partiýanyň’ täze hökümeti düzmäge şansy bar” diýip, partiýanyň metbugat-wekili Eduard Şarmazanow 3-nji aprelde metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Halkara synçylary Ermenistanyň parlament saýlawlaryna “sesleriň satyn alynmagy baradaky ynamly informasiýanyň” we ses berijilere basyş edilmeginiň kölege salandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG