Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt Peterburgyň metrosyndaky partlamada azyndan dokuz adam öldi


Sank Peterburgyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky gullugynyň işgärleri ýaralananlary ewakuasiýa edýärler. 3-nji aprel, 2017 ý.
Sank Peterburgyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky gullugynyň işgärleri ýaralananlary ewakuasiýa edýärler. 3-nji aprel, 2017 ý.

Russiýanyň Baş prokuratura edarasynyň metbugat wekili Sankt Peterburgyň metrosynda amala aşyrylan partlamanyň terrorçylykly hüjüm bolandygyny aýdýar.

3-nji aprelde bolan partlama zerarly azyndan 10 adamyň wepat bolandygy we başga-da onlarçasynyň ýaralanandygy resmisi mälim edildi.

Sankt Peterburg şäher häkimliginiň metbugat wekili Andreý Kibitowyň Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Rossiýa-24” telekanalyna beren maglumatyna görä, terrorçylykly hüjüm bolmagy barada howatyrlanma döreden partlamada azyndan 10 adam heläk boldy.

Kibitow “Twitter” sosial ulgamynda ýaýradan maglumatynda wakada 50 çemesi adamyň ýaralanandygyny we 17 sany adatdan daşary ýagdaýlar baradaky toparyň herekete geçendigini aýtdy.

Sank Peterburgdaky partlamada birnäçe adam öldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:51 0:00

Sankt Peterburg şäherine sapar edip, bu ýerde metbugat konferensiýasyny geçiren prezident Wladimir Putin partlama barada howpsuzlyk resmileri tarapyndan özüniň habarly edilendigini we häkimiýetleriň bu hadysanyň terrorçylyk bilen arabaglanyşygynyň bolup-bolmandygynyň barlanýandygyny mälim etdi.

Putin wakada ölenleriň we ýaralananlaryň bardygyny belledi, emma olaryň sany barada maglumat bermedi.

Russiýanyň Terrorçylyga garşy göreş baradaky Milli komitetiniň ýaýradan beýanatyna görä, partlama Sank Peterburgyň merkezindäki “Tehnologiçeskiý institut” bilen “Sennaýa Ploşad” stansiýalarynyň arasyndaky metroda sagat 2:40 töweregi amala aşyryldy diýip, “TASS” habar agentligi ýazýar.

Bu agentligiň maglumatynda hem wakada ölenleriň we ýaralananlaryň bolandygy mälim edilip, onuň sany barada maglumat berilmeýär.

Başga maglumatlarda, “Ploşşad Wosstaniýe” atly beýleki bir metro stansiýasynda partladylmadyk başga bombanyň hem ele salnandygy habar berildi.

Sankt Peterburgyň Metro edarasy şäherdäki ähli stansiýalaryň ýapylandygyny mälim etdi.

Sosial ulgamlarda çap edilen maglumatlarda metro stansiýasynyň içini tüsse alandygyny we ölen ýa-da ýaralanan adamlaryň suratlaryny we wideolaryny görse bolýar.

Russiýanyň Baş prokuraturasynyň ýaýradan beýanatynda Sankt Peterburgyň “Tehnologiçeskiý institut” stansiýasyndaky metroda bolan partlama bilen baglanyşykly kanun goraýjy organlaryň “derňewleri” başladandygy mälim edildi.

“RIA” agentliginiň websaýtynda çap bolan suratda weýran bolan otly wagony görkezilýär. Bu suratlaryň gelip çykyşy dessine mälim edilmedi.

Hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG