Sepleriň elýeterliligi

Tillerson Orsýeti Assad bilen gatnaşyklar barada gaýtadan oýlanmaga çagyrdy


Türkiýäniň Stambul şäherinde Siriýanyň Idlib sebitindäki hüjümlere protest bildirmek maksady bilen geçirilen ýörişler.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson (Rex Tillerson) ähtimal himiki hüjümiň amala aşyrylmagynyň yzýany, Orsýeti Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen gatnaşyklary barada gaýtadan oýlanmaga çagyrdy. Birleşen Ştatlar gürrüňi edilýän hüjümi amala aşyrmakda, Assadyň hökümetini aýyplaýar.

“Bu elhenç hüjüme Siriýanyň režiminiň jogapkärdigi dogrusynda hiç hili şübhämiz ýok. Biziň pikirimizçe, orsýetlileriň Assadyň režimine berýän goldawy barada hakykatdanam seresaply oýlanmagynyň wagty ýetdi” diýip, Tillerson 5-nji aprelde aýtdy.

Tillersonyň bu çykyşy, 4-nji aprelde Siriýanyň Idlib welaýtynda azyndan 70 adamyň ölümine sebäp bolan hüjüm dogrusynda halkara derejesinde nägilelikleriň artýan mahalyna gabat geldi.

Şeýle-de, Tillerson bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamenti onuň 12-nji aprelde Orsýete sapar etjekdigini yglan eden güni çykyş etdi. Prezident Doland Tramp şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet başyna geleni bäri, bu ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomatynyň Orsýete amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Orsýet Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän urşuň dowamynda, Assada möhüm diplomatik we harby goldaw berdi. Bu uruş demokratiýa tarapdar protestçilere edilen ýowuz basyşlar netijesinde başlap, onuň dowamynda häzire çenli 300 müňden gowrak adam öldi.

5-nji aprelde Tramp bu hüjüm bilen Assadyň hökümetiniň “gyzyl çyzygy geçip”, “ençeme çyzyklary kesip geçendigini” we munuň “kabul ederliksizdigini” aýtdy.

“Men size näme bolanyny aýdaýyn. Meniň Siriýa we Assada bolan garaýşym düýpli üýtgedi” diýip, Tramp belledi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti bu baradaky çykyşynda Orsýet barada hiç zat agzamady. Emma Tillerson hüjüm sebäpli Moskwany tankytlan administrasiýanyň ýokary derejeli birnäçe resmisiniň biri boldy.

ABŞ-yň wise-prezidenti Mike Pence “ähli deliller hüjümiň arkasynda Siriýa hökümetiniň bardygyny görkezýär” diýip, Orsýeti Siriýada himiki ýaraglary ýok etmäge ýardam bermek baradaky ylalaşygyny berjaý etmäge çagyrdy.

Pence 4-nji aprelde amala aşyrylan hüjümde, belli bir derejede öňki prezident Barak Obamanyň administrasiýasyny hem aýyplap, olar Russiýany we Siriýany Assadyň 2013-nji ýylda gol goýan himiki ýaraglar baradaky gadagançylygyndan saklap bilmediler diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň bu mesele boýunça geçiren ýygnagynda, Birleşen Ştatlaryň ilçisi Nikki Haleý: “Eger hiç zat edilmese, onda bu hüjümler dowam eder. Orsýet Siriýanyň režimini munuň netijelerinden goramagy dowam etdirse, onda Assadyň himiki ýaraglary ulanmagy bes etmäge hiç bir itergisi bolmaz” diýdi.

“Düýn biz agzy köpürjikleýän çagalaryň, olaryň çykgynsyz ene-atalary tarapyndan alnyp barylýan pursatlaryny görkezýän suratlar bilen oýandyk. Biz adamlaryň jansyz bedenlerini gördük. Olaryň käbirlerinde himiki ýaraglaryň hüjüminiň ýara yzlaryny gördük. Şol suratlara serediň. Biz olara gözümizi ýumup bilmeris. Biz herekete geçmelidigimiz baradaky jogapkärçilikden ýüz öwrüp bilmeris” diýip, Haleý aýtdy.

Orsýet we Assadyň režimi hökümet güýçleri tarapyndan amala aşyrylan raketa hüjümleriň pitneçileriň ýarag ammaryna urmagy netijesinde zäherli gazyň ýaýrandygyny öňe sürýär. Birleşen Ştatlar we beýlekiler muny ret edýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG