Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan uçar we demirýol biletlerini gymmatladýar

Türkmen uçary
Türkmen uçary

TDH Türkmenistanda uçar we demirýol gatnawlary üçin nyrhlaryň ýokarlandyryljakdygyny habar berýär.

Bu barada anna güni geçen hökümet maslahatynda habar berildi.

Wise-premýer B.Annameredow «Türkmenhowaýollary» gullugynyň we Demirýol ulaglary ministrliginiň işini kämilleşdirmek tagallalarynyň çäginde “ýerli howa gatnawlary boýunça hereket edýän nyrhlary ýokarlandyrmak baradaky teklibi hödürledi” diýip, resmi habarda aýdylýar.

Prezident Berdimuhamedowyň mejlisde aýdan sözlerine görä,
«Türkmenhowaýollary» gullugynyň we Demirýol ulaglary ministrliginiň işgärler toparlary pudaklaryň kadaly işlemegi üçin ýurduň çäklerinde ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky teklip bilen ýüzlenipdirler.

Prezident, pudaklaryň işini has-da kämilleşdirmek üçin, bu teklibi goldamalydygyny aýtdy.

Emma biletleriň bahalarynyň anyk näçe gymmatladyljakdygy aýdylmýar.

TDH Türkmenistanda uçar we demirýol gatnawlary üçin nyrhlaryň ýokarlandyryljakdygyny habar berýär.

Bu barada anna güni geçen hökümet maslahatynda habar berildi. Wuise-premýer B.Annameredow «Türkmenhowaýollary» gullugynyň we Demirýol ulaglary ministrliginiň işini kämilleşdirmek tagallalarynyň çäginde “ýerli howa gatnawlary boýunça hereket edýän nyrhlary ýokarlandyrmak baradaky teklibi hödürledi” diýip, resmi habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG