Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülgüne tolkun: ABŞ-nyň saýlawlarynda dalaş edýän zenan kandidatlaryň sany rekord derejä ýetdi


ABŞ-nyň Wekiller palatasy. Arhiwden alnan surat
ABŞ-nyň Wekiller palatasy. Arhiwden alnan surat

Bu ýyl Birleşen Ştatlaryň döwlet edaralaryndaky orunlara rekord derejede zenan kandidat dalaş edýär. Bu ýagdaý üstümizdäki döwlet hem-de milli saýlawlaryň ähmiýetini adatdakysyndan has-da ýokarlandyrýar.

6-njy noýabrda geçiriljek saýlawlarda dalaşgärler Wekiller palatasyndaky 435 orun üçin, Senatdaky 35 orun üçin, şeýle-de 33 ştatyň gubernatorlygy ugrunda, hem-de Birleşen Ştatlaryň aglaba ştatyndaky kanun çykaryjy organlardaky orunlar üçin bäsleşerler.

Nýu Jerside ýerleşýän Ratgers uniwersitetiniň Amerikan zenanlary we syýasat merkeziniň maglumatlaryna görä, diňe Kongresiň özünde zenan dalaşgärleriň sany öňki ýyllara garanyňda agdyklyk edýär. Wekiller palatasynda 239 aýal, Senatdaky orunlar üçin 23 aýal degişli edaralardaky orunlar üçin bäsleşige gatnaşýar.

Bu hasabata ýylyň irki aýlarynda deslapky bäsleşiklerde dalaşgärligini hödürlän zenan kandidatlaryň sany girizilmändir. Deslapky saýlawlarda saýlawçylar ýaryşa gatnaşýan partiýalaryň (köplenç demokrat ýa-da respublikan partiýanyň) adyndan çykyş etjek dalaşgär wekilleri saýladylar.

Iki esasy partiýada-da zenan kandidatlaryň sany öňki saýlawlar bilen deňeşdireniňde ýokarlandy. Ýöne demokrat partiýanyň adyndan çykyş edýän dalaşgärler san taýdan beýlekilerden has tapawutlandy. Olaryň sany 2014-nji ýylyň möwsüm ara saýlawlarynda dalaş eden zenan kandidatlaryň umumy jeminden hem has ýokary boldy.

“Bu ýyl gürrüňsiz rekord derejä baryp ýetdi. Sanlar barada aýdylanda biz öňki ýyllardan ymykly arany açdyk” diýip, Amerikan zenanlary we syýasat merkeziniň direktorynyň orunbasary Jean Sinzdak aýtdy.

46 ştatyň kanun çykaryjy organlaryndaky orunlar üçin 3 müň 381 zenan kandidat dalaş edýär. Oňa geçen 2016-njy ýylda 2 müň 649 aýal dalaşgär gatnaşypdy. Bu ýyl san taýdan zenanlaryň sany geçen ýylkydan hem has ýokary boldy. Kongrese dalaş edýän kandidatlar barada aýdylanda, san taýdan demokratlar ýaryşyň öňüni çekýär.

Aýallaryň hyjuwy syýasy bäsleşiklerde başgaça öwüşgine beslenýär, diýip Sinzdak aýtdy. Ýurt boýunça has köp zenan maşgala syýasy çäreleri geçirmek boýunça, ýa-da bolmasa kampaniýa çärelerini alyp barmagyň düzgünlerini öwredýän sapaklara ýazyldy.

Bu ýagdaýy fond toplamak çärelerinde-de görse bolýar. Netijeli syýasat merkeziniň binýadyndaky Aç-açan syrlar proýektiniň maglumatlaryna görä, Wekiller palatasyndaky orunlara dalaşgärlik ugrunda bäsleşip ýeňiji bolanlara özbaşdak donorlyk edenler respublikanlara däl-de esasan demokratlar, onda-da zenan demokratlara donorçylyk edipdir.

Respublikanlar barada aýdylanda, deslapky saýlawlarda zenan dalaşgärler erkeklere garanyňda has köp maliýe serişdesini çöplemegi başardy. Bu ýagdaýy maliýe ekspertleri 2018-nji ýylda saýlawlar bilen bagly aýallarda dörän umumy hyjuw bilen düşündirýärler.

Maliýe serişdelerini toplamak bilen bir hatarda, döwlet edaralaryna dalaş edýän aýallaryň sanynyň ýokarlanmagy geçirilýän syýasy kampaniýalaryň sanyna-da öz täsirini ýetirdi, diýip Sinzdak aýtdy:

“Aýal dalaşgärler özleri bolup bäsleşýär, olar galypa girmeýär. Olar özlerine edilen jynsy süýkenmeler bilen bagly başdan geçirmelerini gürrüň berýärler. Olar eje bolmakdan söz açýarlar, ejelik kesbiniň kanun çykaryjy bolmakda ýa-da oňlarlykly syýasy kararlary almakda özlerine berýän ýardamyndan söhbet açýarlar” diýip, Sinzdak aýtdy.

Pew barlag merkeziniň awgust aýynda çap eden pikir soraşygynyň netijelerine görä, amerika halkynyň agalaba bölegi aýallaryň döwlet edaralaryna çekilmegini goldap çykyş edýär.

Zenan maşgalalaryň saýlawlara has içgin gyzyklanma bildirmeginiň aňyrsynda ýatan birnäçe sebäpler bar. Respublikan partiýanyň adyndan Donald Trampyň prezidentlige saýlanmagy şol sebäpleriň biridir.

2016-njy ýylyň saýlaw kampaniýasy dowam edýän wagty, Trampyň 2005-nji ýylda düşürilen wideosy jemgyýetçilige ýaýrap, Tramp onda aýallaryň “uýat ýerlerini” özlerinden birugsat elleýşi barada gürrüň berýär. Galyberse-de, Tramp demokrat Hillari Klintony ýeňip, saýlawlarda ýeňiş gazandy. Trampyň prezidentlik wezipesine 20-nji ýanwarda girişmeginiň ertesi güni, millionlarça adam (olaryň köpüsi aýallardy) Waşingtonda we ABŞ-nyň beýleki şäherlerinde Trampa garşy köp adamly protest çärelerini geçirdiler.

Sinzdak #MeToo hereketi bilen aýallaryň syýasy herekete öjükdirilendigini aýtdy. #MeToo hereketine gatnaşmak bilen, tanymal aktrisalar we beýleki zenanlar ýokary wezipeleri eýeleýän erkekleriň özlerine süýkenendigi barada, özlerine jynsy taýdan hüjüm edendigi barada aç-açan gürrüň etdiler. Bu hereket syýasatçylaryň, media magnatlarynyň, Golliwud prodýuserleriniň, belli-meşhur şahsyýetleriň we beýlekileriň masgaraçylygyna, olaryň wezipeden çekilmegine, ýa-da boşadylmagyna, hatda olaryň käbirlerine garşy jenaýat işiniň açylmagyna getirdi.

Ýaňy ýakynda, Trampyň ýurduň Ýokary kazyýetine sudýalyga hödürleýän kandidatynyň, ýagny Brett Kawananyň (Brett Kavanaugh) Senatda diňlenişigi geçirildi. Senata respublikanlar gözegçilik edýär. Ilkibaşda Senat Kawananyň wezipä girişmegini tassyklar öýdülýärdi, ýöne haçan-da Kristin Bleýzi Ford (Christine Blasey Ford) atly bir aýal jemgyýetçiligiň öňünde 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal, haçan-da ýetginjek wagtlary, Kawanany özüne jynsy hüjüm etmekde aýyplady.

Munuň netijesinde, 27-nji sentýabrda Senatda jemgyýetçilige açyk, adatdan daşary diňlenişik boldy. Onuň dowamynda Ford Senatyň sud toparynyň huzurynda kasam içip, wakany tassyklady. Onuň yzýany Kawana bolan hadysany inkär etdi. Millionlarça amerikaly telewizion kanallarda efire berlen diňlenişige tomaşa etdi.

“Şu zatlaryň ählisi güýç eýesi erkekleriň çemeleşiginden ejir çeken zenan ýadawlygynyň syýasy medeni herekete öwrülmegine getirdi” diýip, Sinzdak aýtdy.

Kawana bilen bagly gapma-garşylyklyar 27 ýyl mundan ozal Senatda bolup geçen birmeňzeş diňlenişigi ýada saldy. Şonda Klarens Tomasyň Ýokary kazyýete hödürlenmegine Anita Hiliň jynsy hüjüm bilen bagly aýyplamalary kölege salypdy. Bu diňlenişik hem Birleşen Ştatlaryň ähli künjünde ünsi özüne çekipdi.

Şondan bir ýyl soňra döwlet edaralaryndaky orunlar üçin bäsleşýän zenan dalaşgärleriň sany ýokarlanypdy, şeýle-de ABŞ-nyň Senatynda aýallaryň sany görnetin artypdy.

1992-nji ýyl uly meşhurlyk bilen, “Zenan ýyly” diýlip atlandyrylypdy.

XS
SM
MD
LG