Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň Jemleri. COVID-19 pandemiýasy – haýyrsyz şer bolmaz. Bu şeýlemi?!


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

COVID-19 pandemiýasy köp hasrat, agyr dert hem ýitgi getirdi. Emma oňyn täsirleriň hem bolandygyny bellemek gerek: – daşky gurşawyň ekologiki ýagdaýy hem ýol howpsuzlygy gowulaşdy; köpler iş bilen öý durmuşynyň arasynda deňagramlyk tapdylar. Pandemiýadan soň bular ýok bolarmy?

COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan krizis diňe bir kynçylyklary getirmedi.

Töwerekdäki howa arassalanýar, sebäbi biz az syýahat edýäris. Köp adam iş ýelerine barman, üzňelikdäki – öýdäki iş şertine geçdiler hem indi öz wagtlaryny has ýerlikli peýdalanýarlar. Meýletinler mätäçlere kömek edýärler, şeýlelik bilen olar jemgyýetiň ruhy agzybirligini berkidýärler.

Pandemiýanyň möhletiniň näçe uzaga çekjekdigi barada bir zat aýtmak, üstesine-de onuň oňyn taraplaryna takyk baha bermek entek ir, ýöne köpler geljekde käbir üýtgeşmeleriň saklanyp galjakdygyna ynanýar.

Daşky gurşawyň ýagdaýynyň gowulaşmagy köp hasrat hem ýitgi getiren pandemiýanyň ilkinji gowy tarapy boldy.

Mart aýynda NASA hemralary dünýäniň dürli künjeklerindäki esasy uly şäherleriň üstündäki howanyň hapalanmagynyň 30% azalandygyny hasaba aldy.

Asman has aýdyňlaşdy. Dürli ýurtlarda önümçiligiň azalmagy bilen transport industriýasyndan döreýän hapa duman dargady.

Bütin dünýä haçan syýahat edip boljakdygyna garaşýar. Şeýle-de bolsa, gereksiz syýahatlaryň – owaly bilen-de iş saparlarynyň tiz wagtyň içinde pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp gelmejegi belli.

Resmilere iş sapary – uzak komandirowkalar hökmanmy?

Pandemiýa pul hem wagt ýitirmegiň, hatda resmi duşuşyklar üçin atmosferany hapalamagyň zerur däldigini görkezdi. Bütin dünýä wideo baglanyşyk arkaly islendik derejedäki ýygnaklary geçirmegiň mümkindigine öwrenişdi – işe kabul ediş söhbetdeşliginden başlap, halkara sammitlerine uçup gitmäge çenli sarp ediljek zatlar has tygşytlandy.

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar boýunça ýokary wekili Josep Borrelliň edarasy pandemiýadan soň diplomatlaryň hem resmileriň arasynda gelip-gitme saparlarynyň “birneme azaljagyna” garaşýar.

Borreliň metbugat-sekretary Peter Stano Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: "Hemme zat öňküligine galmaz. Ýokary derejedäki diplomatik gatnaşyklar öňki netijeli usullarynda, ýagny örän şahsy ýagdaýynda hem gizlinlik derejesinde saklanar. Şeýle-de bolsa, öňünden taýýar edilen ýygnaklar, çekişmeler hem beýleki çärelere gezek gelende, has pes derejedäki, tehniki hem iş duşuşyklary barada aýdylanda, mundan beýläk olary wideo arkaly geçirmekmi ýa-da uçar bilen gelip, şeýlelik-de, howanyň hapalanmagyna goşant goşup, ýüzbe-ýüz duşuşmak netijeli bolarmy – bu öňünden maslahat ediler" diýdi.

Görnüşinden, pandemiýa gutarandan soňra hem ýokary wezipeli resmi adamlar bir iş ýüze çykanda, "täze kada laýyklykda" öz saparlaryny dowam etdirip bilerler. Döwlet baştutanlary öz işgärleri bilen bilelikde, resmi çärelere hem ýygnaklara bararlar. Şeýle-de bolsa, ýokary derejedäki ýolbaşçylara salgyt töleýjiniň pullaryny şeýle gymmat saparlar – komandirowkalar üçin harçlamakda, özüni aklamak has kyn düşer. Mysal üçin, Ýewropa bileleşigindäki ýurtlaryň ýolbaşçylary ýaly daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy işjeň göreşmäge çagyrýanlar üçin, goşmaça kynçylyklar ýüze çykar.

Işiň garyşyk modeli

Wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen kompaniýalar öýden işlemek üçin işgärlerini goýberensoň, dünýädäki şowhunly ofisler bada-bat boşadylar. Öň işgärleriň uzakdan işlemegine rugsat bermekden ýüz öwren firmalar hem indi täze düzgüni kabul etdiler.

Geçirilen sorag-jogaplara görä, köp işgär meseläniň şeýle çözülmeginden utuş gazanylandygyny aýdýarlar; olar has rahat şertlerde işleýärler hem maşgalasy bilen has köp wagt geçirýärler. Şeýle-de, olar işe gidip-gelmek wagtyny hem puluny tygşytlaýarlar.

Slack kompaniýasy tarapyndan 4700 ofis işgäri bilen geçirilen sorag-jogaplarda, olaryň köprägi öňküler ýaly doly iş sagadyna dolanmak islemeýändigini aýtdy. Soraga gatnaşanlaryň 72% öýdäki hem ofis işini öz içine alýan garyşyk modeli makul bilýär. Diňe 13% hemişe öýden işlemek isleýändiklerini, 12% bolsa diňe ofisde işlemegi makul biljekdigini aýtdy.

Şeýle garyşyk iş modeli iň bolmanda ösen ýurtlarda meşhurlyga eýe bolar diýip çaklamak mümkin.

Adamyň gowy dosty

Ofise barman öýde işlemek, ýola harç etjek çykdajylaryňy, iýmiti hem egin-eşik çykdajylaryny azaldyp biler. Ýöne munuň özi köp adam üçin başgalar bilen aragatnaşygy azaldýar; karantin – bu bir ýalňyzlyk. Öýünde haýwan saklaýanlar bu meselede birneme bagtly.

Pandemiýanyň başlanmagy bilen Günbatar ýurtlaryndaky öýsüz haýwanlaryň saklanýan ýerinden, özüne haýwan almak isleýänleriň sany ep-esli artdy. Mart aýynda Amerikan jemgyýetinde haýwanlara rehimsiz daraşmagyň öňüni almak Nýu-Yorkda hem Los-Anjelesde 70% ýokarlandy.

Aprel aýynda, karantin çäklendirmeleri sebäpli dellekhanalar ýapylanda, olaryň biriniň işgäri Hanka Mullerowa goraghanada saklanýan bir iti öýüne aldy. Mullerowa: "It pandemiýa wagtynda ruhy saglygymy goramaga köp kömek etdi. Öýde bolanymda, ol maňa şatlyk getirýär. Biz gezelençlere hem söwda etmäge gidýäris" diýdi.

Mullerowanyň sözüne görä, onuň tanyşlaryndan käbiri pandemiýa wagtynda it ýa-da pişik alandyklaryny aýdypdyrlar. “Öýde has köp wagt geçirip başlandyklary ýa-da çagalaryň mekdebe gitmän bilim alandyklary sebäpli" olar şeýle edipdirler.

Çehiýanyň köp graždanlary ýaly, Mullerowa hem serhetden daşarda, Germaniýada işleýär, sebäbi ol ýerde aýlyk has ýokary.

Hereket çäklendirmeleri aradan aýrylanda, adamlar iş orunlaryna gaýdyp başladylar. Mullerowa itini öýünde saklajakdygyny aýdýar. “Bile az wagt geçirmeli bolarys. Gynansagam, meniň käbir tanyşlarym, öýünde işleýän wagty alyp giden haýwanlaryny yzyna gaýtaryp berýärler, sebäbi olaryň wagty ýa-da olary saklamaga ýeri ýok, käbirleri indi bu iş bilen gyzyklanmaýar. Şeýle adamlar az, ýöne gowy däl, haýwana dönüklik " diýip, Mullerowa hasaplaýar.

Yza – öňki mümkinçilige dolanmak

Pandemiýa Täjigistanyň ykdysadyýetine agyr zarba urdy. Pandemiýa sebäpli ýüz müňlerçe adam möwsümleýin işlemek üçin, Russiýa gidip bilmedi. “Ýöne islendik kynçylygyň bir gowy tarapy bar” diýip, ýurduň demirgazygyndaky Hojant şäherinde ýaşaýan Nekruz Amonzoda aýdýar. Bu ýyl Amonzoda howlusyndaky her daban ýeri gök önüm, kädi hem otlary ekmek üçin peýdalandy.

32 ýaşly Amonzoda: "Men daýhançylyk hakda köp zat öwrendim, ýerden iki hasyl ýygnamagy başardym. Mysal üçin, irki gök önümleri ýa-da bugdaýy ýygnanyňyzdan soň, ýeri dökünläp, mekgejöwen ýa-da şoňa meňzeş başga bir zat ekip bilersiňiz. Mundan öň beýle tagamly kädini iýip görmändim. Käşir, hatda sogan hem şeýle. Munuň özi elimiz bilen ýetişdirenimiz üçin bolsa gerek. Agşamlaryna men çagalaryň öý işlerine kömek edýärin. Men muny öň etmezdim" diýip gürrüň berýär.

Pandemiýa başlanmazdan ozal Amonzoda Russiýada, senagat şäheri bolan Surgutda ýylda 8-9 aý işleýärdi hem Täjigistana diňe gyş aýlarynda gelýärdi. Indi tutuş maşgala onuň aýalynyň – başlangyç synp mugallymasynyň az aýlygyna ýaşaýar, şeýle hem olarda jaýlaryny abatlamak üçin tygşytlap goýan pullary bar. Eger 2021-nji ýylda öňküler ýaly mümkinçilik dörese, Amonzoda ýene Surgutda işlemäge gitmegi ýüregine düwýär. "Maşgalamyň arasynda bolmak maňa diýseň hoş ýakýar, gök önümleri ösdürip ýetişdirmegi gowy görýän, ýöne bütin ömrüme munuň bilen meşgullanyp bilmen. Eger ýagdaýa dogry seretsek, Russiýada işlemezden ýaşap bilmeris" diýip, ol aýdýar.

Amonzoda ýakyn wagtda durmuşyň ýene "kadaly" boljakdygyna umyt edýär.

(Teksti taýýarlamaga Azatlyk Radiosynyň habarçylary Rikard Ýuzwýak hem Antuan Blua gatnaşdylar.)

XS
SM
MD
LG