Demirgazyk Owganystanyň bäş welaýatynyň ählisini “Talyban” jihätçileri basyp aldylar. Ol welaýatlaryň merkezi şäherlerine-de “Talyban” söweşijileri hüjüm edýärler. Täjigistan bilen aralykdaky esasy serhet geçelgesi bolan Şir Han benderini we Aýhanym benderini “Talyban” ýaraglylary basyp aldylar. Owganystan bilen Özbegistan aralykdaky möhüm serhet geçelgesi bolan Haýratan benderini hem basyp almak üçin, talyp hüjümçileri taýýarlyk görýärler. Türkmenistan bilen Owganystanyň iň esasy serhet geçelgesi hasaplanýan Akgine benderi talyp söweşijileriniň gabawyna düşdi.
Şu aralykda Gunduz welaýatynyň Ymam Saýyp atly etrabyndan 150 töweregi owgan harby güýçleri “Talyban” hüjümçilerinden ýeňlip, Täjigistana baryp sygyndy. Balh welaýatynyň Kelder atly etrabyndan hem onlarça owgan hökümet güýçleri Täjigistana gaçyp geçdiler.
Balh welaýatynyň Şordepe etrabynda talyplara garşy söweş alyp baran owgan güýçleriniň komandirleri Amyderýa arkaly Özbegistana geçip, başpena aldylar. “Eger Akgine benderi synsa, ol ýerde ýerleşen owgan harbylary hem-de benderdäki hökümet işgärleri Türkmenistana tarap gaçyp geçmeli bolarlar, çünki olar üçin Türkmenistandan başga gaçybatalga ediner ýaly hiç bir ýol ýok” diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.
Ýöne talyp söweşijilerinden gaçan bosgunlary Türkmenistanyň kabul etjekdigi ýa-da etmejekdigi sorag astynda galýar. Meseläniň şeýle kyndygyny owgan türkmenleriniň milli hereketiniň başlygy, general Muhammet Kemal Güneş aýdýar.
– Täjigistan [bosgulary] aldy, Özbegistanam [bosgunlary] alypdyr, ýöne Türkmenistan aljakmy ýa almajakmy – biz olaryň syýasatyny bilmeýäris – diýip, general Muhammet Kemal Güneş bu meseläniň sorag astynda galýandygyny aýdýar.
Türkmenistandan ýük ulaglary Akgine we Torgundy benderleri arkaly Owganystana geçip bilýärler. Otly wagonlary hem Türkmenistandan hut şu bender arkaly Owganystana ýük getirýär. Ýöne raýat adamlaryň gatnawyny indi bir ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň kesendigini general Muhammet Kemal aýdýar.
Türkmenistanyň Owganystandaky wekilhanalarynyň owgan raýatlaryna wiza bermeýändigini Güneş mälim etdi.
– Türkmenistan, ine, bir ýyldan hem köp wagt geçdi, öz serhedini baglap goýdy. Ol indi açar diýip, men pikir etmeýärin – diýip, Muhammet Kemal bildirdi.
Demirgazyk Owganystanda hökümet resmileri we ýerli geňeşlikleriň agzalary özleri üçin gaçybatalga ýer gözleýärler. Syýasy liderleriň we ýokary derejeli hökümet resmileriniň öz maşgala agzalaryny daşary ýurtlara çykarandygyny synçylar aýdýarlar. Goňşy ýurtlar Pakistan, Täjigistan, Özbegistan we Eýran ýönekeý owganystanlylara-da wiza berýärler. Emma Türkmenistanyň deputatlara-da wiza bermeýändigini Akmuhammet Nury gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Mazar-y-Şerif we Hyratdaky baş konsullaryna wiza bermegini sorap, özüniň ýüz tutandygyny deputat Akmuhammet Nury aýdýar.
– “Bize wiza meselesi nähili bolarka?” diýip soranymda, wekiller “özlerimiziň hem gidip-gelmegimiz häzirki wagtda kyn” diýdiler.
Özbegistan owganystanly telekeçilere öz ýurdunda iş ýerlerini açmaga rugsat berdi. Owganystanly baý adamlar Özbegistanda zawod-fabrikleri gurdular. Owganystanly türkmenleriň intelligensiýa wekillerinden bir Abul Gany Çerkeziň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, alty aýyň içinde 40 müňe golaý owganystanly Özbegistana sapar edipdir. Türkmenistan bolsa owgan raýatlaryna wiza bermän gelýär.
– Türkmenistan wiza berenok. Eger Türkmenistan hem öz goňşusy Özbegistandan görelde alyp, owgan halkyna Türkmenistana barmaga mümkinçilik döretse, ol Türkmenistanyň bähbidine bolardy – diýip, Abul Gany Çerkez aýdýar.
Golaýda Badgyz welaýatynyň Marçak sebitini “Talyban” söweşijileri basyp aldy. Şonda marçakly türkmenleriň belli bölegi Türkmenistana gaçyp geçmäge mejbur boldular. Ýöne Türkmenistan olara başpena bermedi. “Aýal we çagalary, ýaşy bir çene baran garry adamlary açyk asmanyň aşagynda, çöl-beýewanda sakladylar. Soňra türkmen maşgalalaryny Torgundy benderinden yzyna – Owganystana geçirdiler” diýip, türkmen wekilleri aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.