Owganystanyň demirgazygyndaky 20 welaýatda gazaply söweşler dowam edýär. Owgan güýçleri bilen “Talyban” hüjümçileriniň arasyndaky çaknyşyk barha güýçlenýär. Iki tarap hem birek-biregini hiç gaýgyrman oka tutýar.
Demirgazyk Owganystanda ýowuzlyklar has artyp barýar. Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda we Günbatarynda 11 welaýatyň etraplary gysga wagtyň içinde “Talyban” söweşijileriniň gözegçiligine geçdi. Jeňçiler welaýat merkezlerine-de hüjüme başlatdylar.
Demirgazyk Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýap welaýatynyň merkezi Meýmene şäheri “Talyban” hüjümçileriniň gabawyna düşdi. Welaýat merkezine “Talyban” hüjümçileri agyr ýaraglar arkaly zarba urýarlar. Olar, aýratyn-da “topy DC” atly agyr ýaragy owgan hökümet güýçlerinden olja alandyklaryny aýdýarlar. Bu maglumaty ýerli geňeşiň deputatlary hem tassyklaýar.
Owgan güýçlerinden basylyp alnan harby tanklar we toplar bilen ýaraglanan talyplaryň Meýmene şäherine hüjüm edýändigini welaýat häkimi Anaýat Kemal hem boýun aldy. Şeýle hem häkim jeňçileriň ‘DC’ toplar arkaly Meýmene şäherini oka tutýandygyny belledi.
“Jeňçileriň hüjüminden parahat ýaşaýjylar köp zyýan çekýärler. Halkyň öý-jaýlary weýran boldy. Meýmene şäheriniň ilaty uruş sebäpli bosup çykmaga mejbur bolýar” diýip, häkim žurnalistlere aýtdy.
Farýap welaýatynyň 14 etraby jeňçileriň eýeçiligine geçdi. Welaýatyň şol etraplaryndaky harby bazalar hem olara tabyn boldy. Netijede, Owganystanyň hökümet güýçleriniň harby we ok-ýarag enjamlarynyň “Talyban” hüjümçileriniň eline geçendigini ýerli synçylar aýdýarlar.
Owgan armiýasynyň Farýapdaky söweş hereketleri boýunça komandiri, polkownik Ahmat Weýis Alamdar etraplarda owgan harbylaryndan basyp alnan ýaraglary bilen “Talybanyň” Meýmene şäherine hüjüm edýändigini mälim etdi.
“Talyban” jeňçileri hilegärlik bilen “topy DC” diýilýän agyr ýaraglary owgan güýçlerinden basyp aldylar. Olja alnan “DC” toplary talyplar Meýmene şäheriniň eteginde ýerleşen Jargala atly ýerde ýerleşdirdi. Şol ýerden olar şähere garadyp top okuny atýarlar. “DC” topuň oklary Meýmene şäheriniň dürli mähellelerine gelip düşdi. Ondan şäheriň parahat ilaty agyr zyýan çekdi. Onlarça adam öldi hem ýaralandy” diýip, polkownik Ahmat Weýis Alamdar aýdýar.
Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda esasy serhet geçelgesi bolan Akgine benderi Farýap welaýatynda ýerleşýär. Bu geçelgäniň hem çar tarapyny jeňçileriň gabap alandygyny ýerli synçylar aýdýarlar. Şonuň üçin Akgine benderi ýapyk bolmagynda galýardy. Ýöne mundan iki gün öň benderiň açylandygyny ýerli ilat habar berdi.
Emma daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň gümrük tölegini iki tarapa-da özleriniň tölemäge mejbur bolýandyklaryny ýerli telekeçiler aýdýarlar. Şol sebäpden Owganystanda sarp edilýän harytlaryň bahasy ýokarlandy. Aýratyn-da, ýangyç we suwuklandyrylan gazyň nyrhy iki esse gymmatlady” diýip, ýerli ilat nägilelik bildirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.