Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Onuň abat ýeri galmandyr”. Özbegistan ilkinji gezek öz raýatynyň Ukrainada ölendigini tassyklady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň resmi gurluşlary Garagalpagystanyň (Özbegistanyň düzümindäki respublika – red. belligi), Ellikkala etrabynyň ýaşaýjysynyň Ukrainada ölendigini tassyklady, ol rus türmesinden urşa alnypdyr.

Merhumyň garyndaşlary 43 ýaşly adamyň Orsýetde zähmet migranty bolandygyny hem-de tötänlik bilen türmä düşendigini mälim etdiler.

Özbegistanyň döwlet howpsuzlyk gullugy (DHG) öz raýatynyň jesediniň 30-njy ýanwarda watanyna eltilendigini aýtdy. Onuň jaýlanyş wideo ýazgysy diňe 10-njy marta köpçülige ýaýrady.

Şeýlelik bilen resmi Daşkent Orsýetiň Ukraina garşy ýaragly çozuşlarynyň başlan wagtyndan bäri ilkinji gezek öz raýatlarynyň bu urşa gatnaşýandygyny ykrar etdi. Mundan ozal öz çeşmelerine salgylanyp, Azatlygyň Özbek gullugy birnäçe özbegistanlynyň Ukrainada ýogalandygyny habar berdi.

Fahreddiniň ejesiniň aýtmagyna görä, onuň ogly Moskwada işlän döwründe, böwregini keselledipdir. Muňa garamazdan, ol agyr işlemegini dowam etdiripdir hem wagtal-wagtal öz tanyşlarynyň üsti bilen ýurduna pul iberipdir.

Onuň yzynda aýaly hem 14 ýaşly gyzy galypdyr.

«Tabydy açmaň»

Özbegistanyň DHG-niň ýaýradan wideosynda, merhumyň dogany Fahreddiniň 2022-nji ýyldan rus türmesinde oturandygyny mälim edýär:

«Oňa bäş ýyl iş kesdiler. Soňra türmeden çykarmak üçin, derrew urşa iberdiler. Ýöne biz onuň urşa meýletin gidendigini ýa-da mejbur edilendigini bilmeýäris. Ol türmede wagtynda, biz hemişe habarlaşýardyk. Emma urşa gideninden soň aragatnaşyk kesildi» diýip, ol gürrüň berýär.

Fahreddiniň dogany onuň jesediniň tanalmaz derejede bolandygyny, sebäbi top okunyň zarbasyndan ýaramaz zaýalanandygyny aýtdy:

«Jesedi özleri uçar bilen iberdiler. Biz öýde ony soňky ýoluna taýýarladyk hem jynaza okadyk. Bize "tabydy açmaň" diýdiler. Ýöne men şonda-da açyp görmek kararyna geldim, onuň teninde abat ýeri galmandyr. Olaryň duran ýerine "bir snarýad düşdi, ol şondan wepat boldy" diýdiler. Onuň tutuş bedeni [gyýçaklardan] kiçijik deşik-deşik bolupdyr. Ony ýeňsesindäki doglanda galan hal belliginden tanap, onsoň meniň doganymdygyna göz ýetirdim».

Özbek häkimiýetleriniň duýduryşy

Geçen aýda Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Ukrainadaky uruşda wepat bolan iki özbegistanlynyň jesediniň Samarkant welaýatyna getirilendigini mälim edipdi. Mundan başga-da, redaksiýa Ukrainada wepat bolan ýene-de alty özbegistanlynyň şahsyýetini anyklamagy başardy, olardan bäş adam Orsýetinde jaýlanypdyr, biri bolsa Namangan welaýatynda jaýlanýar.

Şonda resmi Daşkent bu habarlara hiç hili düşündiriş bermedi. Özbegistanyň DHG-niň soňky çykaran beýanatynda bolsa, respublikanyň kanunçylygyna laýyklykda "daşary ýurt harby gurluşlarynda hyzmat edenler we harby gullukda duranlar jenaýat jogapkärçiligine çekilýär" diýlip nygtalýar.

2022-nji ýylda Özbegistanyň daşary ýurt zähmet migrantlary Agentligi Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 154-nji maddasyna laýyklykda, "harby gulluga baranlara, howpsuzlyk organlarynda, polisiýada, harby ýustisiýa guramalarynda ýa-da daşary ýurtlaryň şoňa meňzeş beýleki edaralarynda gulluk edenlere üç ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär" diýip, gaýta-gaýta ýatlatdy.

Ýokary dini wekiller hem şuňa meňzeş çagyryş bilen çykyş etdiler. Özbegistanyň musulmanlarynyň Ruhany edarasy hatda ýurduň musulmanlarynyň daşary ýurtlardaky duşmançylykly çärelere gatnaşmagyny gadagan edýän ýörite fetwa çykardy. Fetwada musulmana diňe öz watanyny goramak üçin, eline ýarag almaga rugsat berilýär diýildi.

"Şu günler Orsýet we Ukraina ýaly gapma-garşylykly ýurtlaryň territoriýalarynda ýaşaýan watandaşlarymyza sosial ulgamlarda dürli wadalar bilen uruş propagandasynyň ýöredilýän halatlaryny görmek bolýar... Eger iki jemagatyň arasynda uruş başlasa, yslam ony öjükdirmegi däl-de, parahatçylygy gazanmaklyga çagyrýar" diýip, Özbegistanyň ruhany edarasy aýdýar.

2022-nji ýylyň baharynda Orsýetiň goşuny Ukrainada agyr ýitgiler çekip başlanyndan soň, “Wagner” hususy harby kompaniýasynyň urşa ibermek üçin, tussaglary öz hataryna çekip başlandygy belli boldy, şonda olaryň arasynda Orsýetde tussaglyga höküm edilen Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolanlar hem bardy.

Rus türmelerinde oturan gyrgyzlar "wagnerçileriň" öz aralaryna gelip, olaryň hataryna goşulmagy teklip edendiklerini Azatlyk Radiosyna tassyk etdiler. Gyrgyzystan Respublikasyndan eýýäm näçe adamyň olara goşulandygy anyk belli däl.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Jenaýat kodeksine laýyklykda, beýleki döwletleriň territoriýasynda, ýaragly çaknyşyklara gatnaşmak, şol sanda hakyna tutma hökmünde, şeýle hem bu maksatlar üçin işleri guramak, maliýeleşdirmek ýa-da adamlary çekmek boýunça hereketleri jogapkärçilige çekmek göz öňünde tutulýar. Mundan öň Gyrgyzystanyň häkimiýetleri bu barada birnäçe gezek duýduryş beripdi hem öz raýatlaryny daşary ýurtlaryň territoriýasyndaky harby çaknyşyklara gatnaşmazlyga çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG