Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa operasiýasynyň bir bölegi NATO geçer


Liwiýadaky harby operasiýanyň diňe bir bölegine - uçuşsyz zolak režimini saklamaga kontrollyk Demirgazyk Atlantik ýaranlygyna geçer diýip, NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen aýtdy.

Rasmusseniň sözlerine görä, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna laýyklykda geçirilýän tutuş harby operasiýalaryň ýolbaşçylygy öňküleri ýaly giň halkara koalisiýasy tarapyndan amala aşyrylar. Ýöne ol NATO-nyň rolunyň güýçlenmek mümkinçiligini aradan aýyrmady.

Birleşen Arap Emirlikleri kömek üçin 12 ýok ediji uçar – istrebitel iberýär. Emirlikler halkara harby operasiýasyna ýardam edýän ikinji arap döwletidir. Mundan öň Katar koalisiýa iki ýok ediji we iki ýük göteriji harby uçar beripdi.

Öten agşam halkara güýçler Liwiýadaky harby we hökümet obýektleriniň, Kaddafiniň goşunlarynyň pozisiýalaryny ýene-de bombalady.

Afrikadaky amerikan harby komandowaniýesiniň maglumatyna görä, soňky gije-gündizde Kaddafä wepaly goşunlara 14 ganatly raketa atylypdyr.

Nýu-Ýorkda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun: “Ok atyşygy bes etmek baradaky halkara jemgyýetçiliginiň talaplaryny ýerine ýetirmäge häzirlikçe Liwiýanyň häkimiýetleri meýil bildirmeýär” diýdi.
XS
SM
MD
LG