Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň prezidenti häkimiýetden gitmäge taýýar


Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh ýurtda gan döküşikligiň öňüni almak üçin häkimiýetden gitmäge taýýardygyny aýtdy. Ol häkimiýeti diňe geçiji administrasiýa berjejkdigini hem sözüne goşdy.

Ýemeniň paýtagty Sanada köpçülikleýin ýörişler geçirilýär.

Hökümetiň tarapdarlary we garşydaşlary anna güni aýry-aýrylykda protest geçirmek üçin, paýtagtda ýygnandylar.

Geçen hepde geçirilen protestlerde ot açylmagy sebäpli 50 töweregi adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG