Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

London polisiýasy 200-den gowrak protestçini tussag etdi


London häkimiýetleri polisiýa bilen demonstrasiýaçylaryň arasynda bolan çaknyşyklar netijesinde 200-den gowrak adamyň tussag edilendigini, 10-dan gowrak adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdýarlar.

Şenbe güni britan paýtagtynda 250 müňden gowrak adam hökümetiň býujet ýetmezçiligini kemeltmek maksady bilen jemgyýetçilik harajatlaryny azaltmagyna garşy ýörişe çykdy.

Polisiýa ýörişiň umuman parahatçylykly bolandygyny, emma anarhistleriň we beýlekileriň kiçiräk toparlarynyň esasy demonstrasiýaçylardan bölünip, dükanlara we banklara hüjüm edendiklerinii, wandalizme we ýangyn turuzmaga, polisiýa bilen çaknyşyga ýüz urandyklaryny aýtdy.

AFP habarlar gullugy azyndan 214 adamyň tussag edilendigini, 84 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG