Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda adam hukuklary maslahat edildi


Türkmenistanda adam hukuklarynyň üpjün edilişi kemçilikli bolup galýar.

Türkmenistanda adam hukuklarynyň üpjün edilişi kemçilikli bolup galýar.

26-njy martda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we Ýewropa Bileleşigi bilen adam hukuklary boýunça hyzmatdaşlygyna syn edildi. Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli instituty tarapyndan guraldy.


Paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişine syn etmek boýunça geçirilen seminara Türkmenistan tarapyndan ýurduň pudagara komissiýasyna girýän ministrlikleriň we edaralaryň resmileri gatnaşadylar.

Halkara guramalary tarapyndan, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň “Adam hukuklaryny goramak we hemaýat etmek boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçilikleriniň berkidilmegi” diýen bilelikdäki proýektiniň spesialistleri Natali Rondo we Kun Markwering gatnaşdy.

Seminaryň gün tertibi


Bu proýektiň ýolbaşçysy Kun Markweringiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, seminaryň esasy temasy BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň ýörite çärelerine degişli boldy. BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş edarasy bolan we Ženewada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça geňeşiniň ýörite çäreleriniň biri garaşsyz ekspertleri bolan ýörite dokladçylary bellemekden ybaratdyr.

Kun Markwering seminarda bu sistemanyň işleýşi, ýörite dokladçylaryň bellenişi we işleýşi barada türkmen tarapyna giňişleýin maglumat berlenligini aýtdy. Ýörite dokladçylaryň esasy wezipeleriniň biri bolanlygy üçin, Kun Markwering olaryň Türkmenistana gelip-gitmek meselesine-de aýratyn üns berlenligini belledi.

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, şeýle-de Ýewropa Bileleşigi bilen dürli maslahatlar, şol sanda adam hukuklary we azatlyklary boýunça seminarlar-da ýygy-ýygydan geçirilýär. Emma ýurtda adam hukuklarynyň üpjün edilişi kemçilikli bolup galýar.

Hyzmatdaşlygyň netijeleri

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, ýurduň häzirki wagtda BMG we Günbatar döwletleri bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy diňe milli kanunlary halkara standartlaryna gabat getirmek boýunça işler bilen çaklenýär. “Emma şol kabul edilýän kanunlar ýurtda we jemgyýetde köp halatlarda işlemeýär. Şonuň üçin geçirilýän seminarlaram, kabul edilýän kanunlaram hemmesi dünýä jemgyýetçiligine göz üçin edilýär diýip düşünýärin” diýip, Bugaýew aýdýar.

Bugaýewiň sözlerine görä, adam hukuklaryna degişli üýtgeşiklikler barada aýdylanda, olar esasan hereket azatlygyna tarap ädilen käbir ädimler bilen çäklenýär. Hususan-da raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna degişli mümkinçilikler ozalkysyndan belli bir derejede ýeňilleşdi, emma bu ýagdaý hem dünýä tejribelerine gabat gelmeýär.

2010-njy ýylda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munuň Türkmenistana sapary boldy. 2008-nji ýylda BMG-niň din azatlygy boýunça ýörite dokladçysy Türkmenistana sapar edip, hasabat taýýarlady. Türkmenistan BMG-niň edaralary bilen yzygiderli dialog geçirýär. Bu ädimler ýurduň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli tarapy bolup durýar diýip, Markwering hasap edýär.

Ýörite dokladçylar meselesi

ÝB/BMGÖM/AHÝKM-niň proýektiniň spesialisti Kun Markweringiň sözlerine görä, BMG-niň häzirki wagtda türkmen tarapy bilen gepleşiklerinde Bilim hukuklary boýunça ýörite dokladçynyň Türkmenistana sapar etmegi boýunça mesele maslahatlaşylýar.

Türkmen hökümeti BMG-niň ýörite dokladçylarynyň ýurda gelmegine taýýarlygy tassyklamaýar we resmi çagyryşy etmän gelýär.
Emma Markwering ýörite dokladçylar meselesinde, dowam edýän diskussiýalara garamazdan, şu günki güne çenli öňegidişligiň örän ujypsyzdygyny belledi. Onuň sözlerine görä, “Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň ýörite dokladçylarynyň ýurda gelmegine taýýarlygy tassyklamaýar we resmi çagyryşy etmän gelýär”.

25-nji fewralda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň bilen bilelikde alyp barýan proýektiniň ýolbaşçylary ýyllyk maslahaty geçiripdiler.

ÝB/BMGÖM/AHÝKM-niň proýektiniň 2011-nji ýylda öz öňünde goýýan maksatlarynyň arasynda jemgyýetiň adam hukuklary barada bilimini we düşünjesini artdyrmak strategiýasyny işläp düzmek boýunça işler we welaýatlarda resurs merkezlerini açmak maksady göz öňünde tutulýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG