Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýa: türkmen samboçylary ýeňiş gazandy


Merkezi Aziýanyň sambo boýunça 3-nji çempionatynda türkmen samboçylary ýeňiş gazandy.

Düýn, ýaryşyň jemleýji gününde iň güýçlüler bäsleşdiler.

Türkmenistanly samboçylar agram kategoriýasyndaky 9 ýaryşyň 8-sinde ýokary baýraga, diňe birinde kümüş medala mynasyp boldular.

Türkmen samboçylary aýallaryň we erkekleriň gatnaşmagynda geçirilen sambo ýaryşlarynyň jemi üç görnüşi boýunça 27 medal, 17 altyn, 9 kümüş we 1 bürünç medal aldylar diýip, TDH habar berýär.

Komandalaýyn tertipde ikinji orny özbegistanly samboçylar, 3-nji orny bolsa gyrgyzystanlylar eýeläpdir.
XS
SM
MD
LG