Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan Owganystana gumanitar ýük geldi


Derman serişdeleri hem medisina enjamlary ýüklenen awtomobil kerweni Türkmenistandan Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabyndaky saglyk öýüne geldi.

Geçen hepde Türkmenistanyň prezidenti Owganystana gumanitar ýük ibermek baradaky görkezmä gol çekipdi.

Gumanitar ýükli kerweni welaýatyň resmileri, giň jemgyýetçilik, şol sanda bu ýerde ýaşaýan türkmenler garşyladylar diýip, TDH habar berýär.

Garamgol etrabyndaky saglyk öýi Türkmenistanyň serişdelerine gurlup, iň öňdebaryjy enjamlar bilen abzallaşdyryldy.

Täze gelen ýük ilat köpçüligine edilýän medisina hyzmatynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
XS
SM
MD
LG