Sepleriň elýeterliligi

Yrak: hökümet jaýyna hüjüm edilende 58 adam öldi


Yragyň demirgazygyndaky Tikrit şäherinde söweşijiler hökümet jaýyny basyp almaga synanyşanda, soňky maglumata görä, 58 adam ölüp, ýüz töweregi ýaralanypdyr.

Häkimiýetler ölenleriň arasynda ýerli parlamentiň üç deputatynyň bardygyny aýdýarlar.

Salah-ed-Din welaýatynyň geneşiniň jaýyna hüjüm edildi. Howpsuzlyk güýçleri zabt etmek kararyna gelýänçä, adamlar birnäçe sagatlap zamunlykda oturdy.

Ekstremistler granat ulandy, birnäçesi özüni partlatdy.

Häkimiýetler bu wakanyň jogapkärçiligini “Al-Kaýdanyň” üstüne atýarlar.
XS
SM
MD
LG