Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Liwiýanyň oppozisiýasy ýaraglandyrylarmy?


Liwiýada täze söweşleriň barýandygy barada habar berildi, 30-njy mart.

Liwiýada täze söweşleriň barýandygy barada habar berildi, 30-njy mart.

Birleşen Ştatlar özüniň Liwiýada Muammar Kaddafini häkimiýet başyndan çetleşdirmäge synanyşýan gozgalaňçylary ýaraglandyrmak mümkinçiliginiň ýok däldigini bildirdi.


Prezident Barak Obama muny sişenbe güni NBC telekanalyna beren inerwýusynda aýtdy: “Men bu mümkinçilik ýok diýemok, ýöne bar hem diýemok. Biz entek käbir ýagdaýlara baha bermäge synanyşýarys. Munuň bir bölegi Kaddafiniň güýçleriniň näme etjek bolýanlygy bilen bagly”.

Obama Kaddafiniň töweregindäki “halkanyň” gitdigiçe daralýandygyny belläp: “Liwiýada halkara güýçleri tarapyndan urulýan urgular Kaddafini ahyrsoňy häkimiýet başyndan çekilmäge mejbur eder” diýdi.

Obamanyň liwiýaly gozgalaňçylary ýaraglandyrmak barada oýlanmak teklibini Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton hem goldaýar. Sişenbe güni Londonda geçen NATO-nyň we arap ýurtlarynyň bilelikdäki maslahatynda Klinton: “Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kaddafiniň güýçlerine garşy harby herekete ýol berip, üstümizdäki aý kabul eden rezolýusiýasy Liwiýa barada 1973 belgili halkara embargosyny güýçden gaçyrdy” diýdi.

Halkara reaksiýalar

Liwiýanyň gümürtik gozgalaňçylaryny ýarag bilen üpjün etmek pikiri koalisiýanyň öz içinde hem-de halkara derejesinde dürli reaksiýalara sebäp boldy. Waşington Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşan liwiýaly oppozision güýçleriň barlagdan doly geçen adamlardygyny aýdýar. Ýöne olaryň maksatlarynyň we düzüminiň entek doly aýdyň däldigi barada prezident Obamanyň özi-de duýduryş berdi.

Amerikan admiraly James Stawridis aňtaw gulluklarynyň hasabatynyň Kaddafä garşy güýçleriň arasynda “Al-Kaýdanyň” adamlarynyň bolmagynyň mümkindigini görkeýändigini belleýär.

Fransiýanyň daşary işler ministri Alain Juppe öz ýurdunyň bu mesele boýunça gepleşige taýyndygyny bildirdi. Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameronyň pikiriçe, embargo Liwiýa ýarag eltmäge ýol berenok.

London maslahatynda oppozision söweşijileri ýarag bilen üpjün etmek barada gelnen anyk karar ýok.

Britaniýanyň daşary işler ministri William Hague maslahata gatnaşan NATO-nyň we arap ýurtlarynyň 48 ýolbaşçysynyň Kaddafä gysyş görkezmegi dowam etdirmek niýetinde berk durandygyny aýtdy: “Biz öz maksatlarymyzda agzybir durus. Biz öz ilatyna ýa regiona we beýleki ýerlere howp salmaýan Liwiýa meselesinde, ol öz asuda we durnukly geljegine barýan ýoly saýlaýarka, liwiýa halky bilen hyzmatdaşlyk etmek meselesinde agzybir durus”.

Liwiýadaky söweşler

Ýolbaşçylar Kaddafini häkimiýet başyndan çetleşdirmek barada pikir alyşýarkalar, Liwiýada täze söweşleriň barýandygy barada habar berildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 17-nji martda uçuş gadagan zona we parahat ilaty goramak üçin harby operasiýalara ýol bereninden soň, oppozision söweşijiler ep-esli ýeňiş gazandylar. Ýöne şu gün Kaddafiniň oňat ýaragly we oňat guramaçylykly tarapdarlarynyň olaryň günbatara tarap ilerlemegini duruzandygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hillary Klinton: “Kaddafi Birleşen Milletler Guramasynyň parahat ilatyň garşysyna zorluk ulanylmagyny togtadyp, onuň güýçleriniň eýelenen şäherlerden çekilmegi baradaky talaplaryny ýerine ýetirýänçä, koalisiýanyň harby urgulary dowam eder” diýdi: “Biziň hemmämiz görkezilýän gysyşy, Kaddafiniň režiminiň üzňeligini çuňlaşdyrmagy dowam etdirmeli. Bu Kaddafa häkimiýet başyndan gitmegi aýdyň görkezýän syýasy we diplomatik basyşyň agzybir frontuny hem öz içine alýar”.

Klinton: “Birleşen Ştatlar şu gün missiýanyň ýolbaşçylygyny NATO tabşyrar” diýdi. Muny prezident Barak Obama hem halka telewideniýeden duşenbe güni eden ýüzlenmesinde aýdypdy.
XS
SM
MD
LG