Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kot d’Iwuaryň prezidenti ot açyşlygy bes etmäge çagyrdy


Kot d’Iwuaryň häzirki prezidenti Laurent Gbagbo prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Alessane Outtaranyň güýçleriniň üstün çykyp başlamagyndan soň, derhal ot açyşlygy bes etmäge çagyrdy.

Gbagbonyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, harbylar taktiki yza çekilişiň strategiýasyny kabul edipdirler. Ýöne, muňa garamazdan, “kanuny goramak hukugyny” hem ulanyp biljekdiklerini duýdurdylar.

Doekoue şäherinde 30,000 töweregi adam çaknyşyklardan gaçyp, ýerli kelisede ýygnandylar.

Geçen ýylyň noýabryndaky prezidentlik saýlawlarynda Gbagbonyň ýeňilendigini BMG-niň ykrar etmegine garamazdan, ol häkimiýetden gitmekden ýüz öwürýär.
XS
SM
MD
LG