Sepleriň elýeterliligi

NATO Liwiýa howa operasiýalarynyň komandirligini öz üstüne aldy


NATO özüniň Liwiýa boýunça howa operasiýalarynyň komandirligini öz üstüne alandygyny aýtdy.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen ýaranlyk şu gün irden Liwiýa boýunça howa operasiýalarynyň ählisiniň ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy diýdi.

NATO-nyň missiýasyna uçmak gadaganlygyny berjaý etmek, şeýle-de graždan ilaty Muammar Kaddafiniň güýçleriniň hüjüminden goramak girýär.

Howa reýdleri ozal Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň komandirligi astynda amala aşyrylýardy.
XS
SM
MD
LG