Sepleriň elýeterliligi

Kot d’Iwuarda häkimiýet ugrunda göreş dowam edýär


Kot d’Iwuarda saýlanan prezident Alassan Uattaryň güýçleri ýurduň uly şäheri Abijany gabadylar, şäheriň köçelerinde söweşler gidýär.

Mundan öň BMG-niň parahatçylyk dörediji güýçleri Abijana golaý ýerleşýän Kot d’Iwuaryň iň uly aeroportuny söweşsiz eýeledi. Aeroportuň harby goragynyň baştutany saýlanan prezidentiň tarapyna geçensoň bu iş mümkin boldy.

Şondan öň ýurduň hereket edýän prezidenti Loran Gbagbony goldamakdan onuň goşunlarynyň ştab başlygy general Filip Mangu ýüz öwürdi.

Alassan Uattara Abijan şäherinde komendant sagadyny yglan etdi, serhetleri we ýurduň howa giňişligini ýapdy.

Geçen ýylyň noýabrynda geçirilen prezident saýlawlarynda Uattaryň gazanan ýeňşini halkara jemgyýetçiligi ykrar etdi.

Ýöne sesleriň ýaňadan sanalmagyna aýak diräp, hereket edýän prezident Gbagbo häkimiýeti tabşyrmakdan ýüz öwürýär.
XS
SM
MD
LG