Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň çykalga agtarýandygy aýdylýar


Gresiýanyň premýer-ministri George Papandreou (sagda) Liwiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Abdelati al-Obeýdi bilen duşuşýar, Afiny, 2011-njy ýylyň 3-nji apreli.

Gresiýanyň premýer-ministri George Papandreou (sagda) Liwiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Abdelati al-Obeýdi bilen duşuşýar, Afiny, 2011-njy ýylyň 3-nji apreli.

Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi fewral aýyndan bäri öz güýçleri bilen hökümete garşy gozgalaňçylaryň arasynda barýan söweşiň soňlanmagy üçin ýol agtarýana meňzeýär.

Grek häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, Kaddafi bu barada Gresiýanyň premýer-ministri George Papandreou bilen gepleşik geçirmek üçin Liwiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Abdelati al-Obeýdini ýekşenbe güni Gresiýa iberipdir.

Bu iki ýurt soňky ýyllarda dostlukly gatnaşykda boldy. Gresiýanyň daşary işler ministri Dimitris Droutsas: “Liwiýa bu konfliktden çykara bir ýol gözleýäne meňzeýär” diýdi.

“Regionda parahatçylyk we durnuklylyk üçin çynlakaý tagalla gerek. Gresiýa şu tagalla tarap ilerlemegi dowam etdirip, öz hyzmatlaryny hödürlär. Biz ähli ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen aragatnaşykda. Şu günki duşuşykda olara soňky maglumatlary, Gresiýanyň pikirlerini hem tekliplerini ýetireris” diýip, Droutsas aýtdy.

Näme eglişik ediler?

Liwiýa al-Obeýdiniň diplomatik gepleşikleri dowam etdirmek üçin şu gün Türkiýä we Malta barýandygyny habar berdi. Ýöne söweşiň soňlanmagy üçin Tripoliniň näme eglişikleri etjekdigi barada bilinýän zat ýok.

3-nji aprelde, ýekşenbe güni, “The New York Times” gazeti Kaddafiniň iki oglunyň onuň häkimiýet başyndan aýrylyp, konstitusion demokratiýa geçmek planyny goldaýandyklaryny ýazdy. Habarda, ady agzalmadyk bir Liwiýa resmisine salgylanylyp, bu geçişe Kaddafiniň ogly Seýf al-Yslam el-Kaddafiniň gözegçilik etjekdigi aýdylýar. Ýöne Kaddafiniň özüniň bu teklibi goldýanlygy belli däl.

Kaddafä degişli güýçler bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky söweş Brega şäherinde heniz hem öňki güýjünde dowam edýär. Guramaçylygy öwerlik bolmadyk gozgalaňçylar, Günbatar döwletleri Kaddafiniň güýçlerine howadan zarba urýarka, bu şäheri alyp bilmediler.

Gozgalaňçylaryň “Milli geçiş geňeşi” köpräk ýarag we Kaddafä garşy güýçlere harby türgenleşikde kömek bermeklerini sorap, daşary ýurtlara ýüz tutdy.

Gumanitar goldaw

Günbatar Liwiýada Kaddafiniň güýçleri gozgalaňçylaryň elindäki iň soňky şäher Misuratany gabawda saklamagy dowam etdirýärler. Bir türk gämisiniň Misuratada parahat ilatdan ýaralanan adamlary halas etmegi Liwiýanyň günbatar etraplarynda adamlaryň näderjede kynçylyk çekýändigini görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi şu gün Liwiýadaky ýagdaý barada duşuşyk geçirmekçi. Bu duşuşykda parahat ilaty ewakuasiýa etmek hakda hem pikir alşylmagy ähtimal.

BMG-niň Liwiýa boýunça gumanitar işlerini koordinirleýän Raşid Halikow parahat ilatyň kyn ýagdaýdadygyny bildirdi: “Adamlar ewakuasiýa edilmän, bu ýagdaýda köp wagtlap galsalar, olaryň gahary artyp, ýerli jemagata, olary kabul etjek ýurtlara ýaramaz täsir ederler. Ol ýerde ýagdaý köşeşer ýaly adamlary ewakuasiýa etmegi dowam etdirmek üçin men hemmelerden kömek soraýaryn”.

Türk gämisi rugsat almak üçin dört gün garaşansoň, ýekşenbe güni Misuratada takmynan 230 ýaralyny mündürip, ýolda hem Bengazide ýaralanan ýene ýüz adamy keselhanda bejermek üçin Türkiýä alyp gaýtdy.
XS
SM
MD
LG