Sepleriň elýeterliligi

Obama prezidentligiň ikinji möhletine dalaş etmekçi


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama prezidentligiň ikinji möhletine özüniň kandidaturasyny goýmakçydygyny mälim etdi.

Obama 2012-nji ýyl üçin prezident saýlawlary kampaniýasyna başlaýandygy baradaky habary özüniň Web saýtynda ýerleşdirdi.

Barak Obama öz tarapdarlaryna elektron poçta arkaly ugradan hatynda ozüniň birinji möhletde başlan reformalaryny dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Amerikada nobatdaky prezidentlik saýlawlary geljek ýylyň noýabrynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG