Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa uruş jenaýatynda gümanlanýan adamy tussag etdi


Serbiýa 1991-nji ýylda gadymy şäher Dubrownigi top okuna tutmagy buýurmakda aýyplanýan adamy tutandygyny aýdýar.

Polisiýa Bozidar Wukirowiçiň Horwatiýanyň tussag etmek talaby esasynda, Bosniýa bilen Serbiýanyň araçäginden geçende tutulandygyny aýtdy.

Indi Wukurewiçiň Serbiýadan sud jogapkärçiligine çekilmek üçin ekstradasiýa edilmegi Horwatiýa bagly.

ÝUNESKO-nyň Miras sanawyna girýän Dubrownik Horwatiýanyň 1991-95-nji ýyllarda garaşsyzlyk üçin alyp baran urşunda serb ýolbaşçylygyndaky goşunlaryň hüjümi netijesinde agyr zyýan çekipdi.
XS
SM
MD
LG