Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary Geýts Yraga geldi


ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýts yrak liderleri bilen gepleşmek we awgustda söweş operasiýalaryny soňlan amerikan goşunlaryny görmek üçin öňünden yglan edilmedik sapar bilen Bagdada geldi.

Amerikan goşunlary bu ýurtdan şu ýylyň ahyrynda çykarylmaly.

Geýts Yraga Saud Arabystanyna gysga wagtlyk sapar edip, patyşa Abdylla bilen gepleşik geçirenden soňra geldi.

Ýanynda sapar edýän resmileriň aýtmaklaryna görä, Geýts Bagdatda iki gije galmakçy hem sapar mahalynda premýer-ministr Nury al-Maliki we prezident Jalal Talabani bilen duşuşmakçy.
XS
SM
MD
LG