Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan rewolýusiýanyň pidalaryny ýatlaýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa (ortada), premýer-ministr Almazbek Atambaýew (sagda) we parlamentiň spikeri Ahtambek Keldibekow Çon-Arykdaky matam çäresinde, 2011-nji ýylyň 7-nji apreli.
Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa (ortada), premýer-ministr Almazbek Atambaýew (sagda) we parlamentiň spikeri Ahtambek Keldibekow Çon-Arykdaky matam çäresinde, 2011-nji ýylyň 7-nji apreli.
Gyrgyzystanda 2010-njy ýylyň 7-nji aprelindäki rewolýusiýanyň netijesi döwleti maşgala bolup dolandyrmak režiminiň agdarylmagy hem-de demokratiýa tarap ädilen ädim hökmünde häsiýetlendirildi. Ýurduň Konstitusiýasy üýtgedilip, paralament dolandyryş sistemasyna geçilmegi hökümeti bir adamyň dolandyrmagyna böwet goýan möhüm sistema hökmünde kabul edildi. Bu zerur özgerişleriň bolmagy üçin mundan bir ýyl öň 87 adam wepat boldy.

"Doly esas bar"

"Sosial-demokratlar" fraksiýasynyň agzasy Ysmaýyl Ishakow 7-nji apreliň Halk rewolýusiýasynyň güni diýlip bellenmegine doly esas bar diýýär: "Häzir parlamentimiz dürli pikirli, dürli garaýyşly partiýalardan düzülen. Syýasatçylar indi öz ideýalary üçin göreşmeli. Halky ynandyrmaga çalyşmaly. Biz ösen Günbatar ýurtlaryndan görüp, özümiziň nähili halkdygymyzy bilsin diýip, şeýle sistema geçdik. Bu gowy üstünlik. Şeýle özgerşliklere ýol beren güni - "Aprel rewolýusiýasy" diýip atlandyrmaga doly esas bar".

Gyrgyz parlamentiniň deputaty Ysmaýyl Ishakow üstünlikler bilen birlikde 7-nji aprelden soňky hökümet boşlugyny doldurmakda, şeýle-de reformalary geçirmekde kemçilikleriň bolandygyny, onuň netijesinde geçen ýylyň iýunynda Gyrgyzystanyň günortasynda etniki çaknyşyklaryň başlanandygyny aýtdy.

Gyrgyz parlamentiniň deputaty, "Ata Meken" fraksiýasynyň başlygy Ömürbek Tekebaýew, käbir kemçiliklere garamazdan, güýçli gapma-garaşylyklary ýeňmäge mümkinçiligiň bolandygyny aýdýar: "Eger-de taryh gaýtalansa, biz köp zatlary başgaça ederdik. Meselem 7-nji aprelde ýüzläp adamlaryň ölümine getiren rewolýusiýanyň bolmazlygy üçin hereket ederdik. Syýasy reformalary geçirmekde hem ýalňyşlyklar boldy. Emma taryh nähili bolmaly bolsa, edil şonuň ýaly-da boldy. Arap ýurtlarynda bolýan wakalara syn edip, biz beýle ýagdaýdan olara görä, ýeňilräk ýitgiler bilen çykanymyza şükür edýäris".

Soňky döwürde hökümet başyna gelen partiýalar tarapyndan parlament dolandyryş sistemasyna kyn düşünilýändigi sebapli dolandyryşyň köne usullaryny goldaýanlaryň bardygyny synçylar aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, şonuň üçin hökümetdäki syýasy güýçleriň arasynda administratiw resurlar ugrundaky göreş öňküsi ýaly dowam edýär.

Prezidentiň roly

"Ak Şumkar" partiýasynyň lideri Temir Saryýew bularyň hemmesine gözegçilik etmekde prezidentiň alyp barýan işiniň bir taraply bolýandygyny aýdýar: "Prezident bularyň hemmesinden üstün bolmaly. Ol hiç wagt syýasy partiýalaryň arasyndaky dawa-jenjellere goşulmaly däl. Emma bizde beýle däl. Prezidentimiz syýasy partiýalaryň arasyndaky dawa-jenjellere goşulýar. Beýle ýagdaýda dawany kim adalatly çözer? Beýle ýagdaýda deňagramlylyk mehanizmi bozulýar".

Emma beýle pikir bilen hökümetdäki rewolýusion güýçleriň wekilleri ylalaşmaýarlar. Prezident apparatynyň başlygy Emil Kaptagaýew syýasy guýçleriň arasyndaky dawa-jenjele prezidentiň goşulmaýandygyny aýtdy: "Prezident diňe daşyndan syn edip, baha berýär. Emma syýasy oýunçylar prezidenti şol syýasy oýunlara goşmak ugrunda hereket edýärler. Meselem, Baş prokuror bolup işlän Kubatbek Baýbolowyň aýdan sözlerine üns berseňiz, hemmesi düşnükli bolýar".

Gyrgyz mediasy bolsa 7-nji aprel wakalary boýunça barlag işleriniň örän haýal alnyp barylýandygyny ýazýar. Ombudsman Tursunbek Ahunyň pikirine görä bu işde hakyky günäkärler jenaýat jogapkärçiligne çekilmeýär: "7-nji aprel wakalaryna bir ýyl bolan bolsa-da, henizem bu iş boýunça alnyp barlan derňewiň ahyrky nokady goýulmady. Bolan işe gatnaşygy bar diýilýän adamlaryň aglaba bölegi ýurtdan gaçyp gitdiler. Olaryň käbirlerini şol döwürde ýörite gaçyrypdyrlar diýlen maglumatlar bar. Sud işleri-de edil syýasy tomaşa ýaly geçýär. Barlag, derňew işleriniň-de hiliniň pesdigi göründi".

Ekspertler 7-nji aprel wakalarynyň esaslaryny we şertlerini doly öwrenip, goýberilen kemçilikleriň gaýtalanmagynyň önüni almalydygyny nygtaýarlar.
XS
SM
MD
LG