Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan Gümrük Bileleşigine girmek isleýär


Gyrgyzystanyň Gümrük Bileleşigine girmek isleýändigini Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy Gyrgyzystanyň ykdysady ösüş ministri Uçgun Taşbaýewe salgylanyp, habar berdi.

Ministr Taşbaýew ýurduň Ministrler Kabinetinde bu baradaky karara gelnendigini aýdyp, bu mesele bilen bagly ýörite komissiýanyň döredilendigini mälim etdi.

Taşbaýewiň aýtmagyna görä, Orsýetden, Gazagystandan hem Belarusdan ybarat Gümrük Bileleşigine Gyrgyzystanyň goşulmagy meselesi barada maslahatlaşmak üçin, bu guramanyň wekilleri gyrgyz tarapy bilen 15-nji maýda hem sentýabr aýynda duşuşarlar.

Gümrük Bileleşigi 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda döredildi. Oňa girýän ýurtlara söwda ýeňillikleri döredilýär.
XS
SM
MD
LG