Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Minskidäki partlamada azyndan 150 adam ýaralandy


Belarusyň resmileri Minskiniň metro stansiýasynda amala aşyrylan partlamany gurnaýjylary yzarlamaga söz berdiler. Bu partlamada 12 adamyň ölendigi we 150 töweregi adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýurduň resmileri duşenbe güni prezidentiň administrasiýa binasynyň golaýyndaky Kastryçnitskaýa metro stansiýasynda amala aşyrlan bu partlamany “terror hüjümi” diýip häsiýetlendirdiler.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady.

Gyssagly geçirilen howpsuzlyk maslahatynyň dowamynda prezident Aleksandr Lukaşenko ýurtdaky howpsuzlygy güýçlendirmäge we bu partlama bilen bagly derňewleri geçirmäge görkezme berdi.

Ýerli telewideniýede prezident Lukaşenko şeýle çykyş etdi: "Adamlar, men bize berk çagyryşyň edilendigini aýdasym gelýär. Munuň juda berk çagyryşdygyna düşünmelidiris. Muňa laýyk jogap berilmeli. Beriljek bu jogap hem tapylmalydyr”.
XS
SM
MD
LG