Sepleriň elýeterliligi

Tutulan Gbagbo ok atyşyklary bes etmäge çagyrýar


Loran Gbagbo Abijandaky rezidensiýasynda tussag edilenden birnäçe sagat soň Kot d’Iwuardaky ok atyşyklary bes etmäge çagyrdy.

Dört aý mundan ozal geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňilendigini boýun alman, Gbagbo häkimiýeti öz elinden bermejek bolup hereket edipdi.

Gbagbony kimiň ele geçirendigi entek doly anyk däl.

Gbagbonyň metbugat sekretarynyň beren maglumatynda onuň fransuzlar tarapyndan saklanyp, oppozisiýa geçirilendigi aýdylýar.

“Frans press” habar gullugynyň Kot d’Iwuardaky Fransiýanyň ilçihanasyna salgylanyp beren maglumatyna görä bolsa, Loran Gbagbo saýlawlarda ýeňiş gazanyp, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen prezident Alassane Ouattara ygrarly esgerler tarapyndan ele salnypdyr.

Gbagbonyň ele geçirilmegini BMG-iň Baş sekretary we ABŞ-yň Döwlet sekretary makullady.
XS
SM
MD
LG