Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdaky partlama dahyllylykda iki adam tussag edildi


Belarus prokurorlarynyň beren maglumatlaryna görä, Minskiniň metrosynda bolan partlama bilen baglanyşykly iki adam tussag edilipdir.

Ýurduň Baş prokurorynyň orunbasary Andreý Şwediň aýtmagyna görä, bu hüjüme dahyly bolanlykda şübhelenilýänleriň ikisi hem belarus milletinden. Olaryň sorag edilenligi habar berilýär.

11-nji martda bolan partlamada Minskide 12 adam heläk boldy.

Resmileriň beren maglumatlarynda bu wakada 150-ä golaý adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Belarus resmileri bu wakany terrorçylykly hüjüm diýip atlandyrdylar, ýöne bu hüjümiň matlaplary düşündirilmeýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG