Sepleriň elýeterliligi

Miliband Owganystan boýunça öz teklibini hödürleýär


2010-njy ýylyň maýynda Britaniýanyň daşary işler ministri wezipesinden aýrylan Miliband urşuň soňlanmagy üçin BMG tarapyndan barýan araçylyk tagallalaryna goldaw tapmaga synanyşýar.

2010-njy ýylyň maýynda Britaniýanyň daşary işler ministri wezipesinden aýrylan Miliband urşuň soňlanmagy üçin BMG tarapyndan barýan araçylyk tagallalaryna goldaw tapmaga synanyşýar.

Deýwid Miliband: “Owganystanda dürli toparlara, şol sanda “Talibana-da”, ýurduň geljegi barada öz pikirlerini aýtmaga mümkinçilik berip, hemmetaraplaýyn çözgüt barada tagalla etmäge Günbatara wagt ýetdi” diýýär. Bu çözgütde regional güýçleriň hem bähbitleri göz öňünde tutulmaly.

2010-njy ýylyň maýynda Britaniýanyň daşary işler ministri wezipesinden aýrylan Miliband Owganystandaky urşuň soňlanmagy üçin Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan barýan araçylyk tagallalaryna goldaw tapmaga synanyşýar.

Miliband Obamanyň administrasiýasynyň syýasy çözgüt tapmaga meýil edýänligini, ýöne özüniň mundan başga zatlara hem garaşýandygyny belleýär. Ol Owganystan boýunça syýasy çözgüt tapmak ugrunda barýan çekişmeleriň täze gyssagly we yzygiderli derejä ýetirilmegini ündeýär.

Syýasy çözgüt

“NATO 2014-nji ýyly tutuş ýurtda halkara howpsuzlyk ýolbaşçylygynyň tamamlanjak senesi diýip belledi. Ýöne şu çaka çenli bir soňky oýun ýok. Meniň garaýşymça, soňky oýun owgan konfliktindäki ähli taraplar we goňşy ýurtlar bilen gepleşikler arkaly gelnen çözgüdi öz içine alyp biler. Bu bir içki we daşky çözgüt. Pitneçiligiň soňuna çykmak üçin ýeke-täk ýol – syýasy çözgüt” diýip, Miliband aýdýar.

Britan syýasatçysy Obamanyň administrasiýasynyň ylalaşyga meýillidigi barada özüniň käbir alamatlary görýändigini, ýöne bu işiň ýeke amerikanlara galmaly däldigini aýdýar. Onuň pikiriçe, BMG tarapyndan bir araçy bellenmeli. Bu hem yslam dünýäsinden bolmaly. Geçjek gepleşiklerde Owganystanyň garaşsyzlygy, özygtyýarlylygy we Owganystanyň baş kanuny hormatlanmaly.

Milibandyň göz öňünde tutýan gepleşikleri “Talibany” hem ýa iň bärsinden “Talibanyň” ylalaşygyň şertlerini kabul edýän böleklerini öz içine almaly. “Talibanyň” hökümdarlyk döwründe edinen oňaýsyz tejribeleri sebäpli häkimiýeti olar bilen bölüşmek islemeýän toparlar-da ünsden düşürilmeli däl.

Miliband bu hakda şeýle diýýär: “Owgan jemgyýetiniň haýsy hem bolsa, bir bölegine – puştunlar owganyň jemgyýetiniň 40 prosentini emele getirýär – artykmaçlyk berilmeginden abanmagy mümkin howp - jemgyýetiň beýleki böleklerinde biz çetleşdirildik diýen duýgynyň döremegi”.

Milibandyň pikiriçe, geçen dört ýyllykda barlyşyk diýilýände çekilen bir kynçylyk bu barlyşyga Günbatar bilen “Talibanyň” arasyndaky barlyşyk diýlip düşünilendigi. “Etniki dawalar bolsa graždanlyk urşuna çalym edýär. Meniň “Taliban” bilen eglişik edişýäniň Günbatar bolmazlygy gaty möhüm diýip pikir etmegimiň sebäbi şol. Bu bir owgan syýasy çözgüdi. Onda Owganystanyň ähli halkyna hormat goýulýar”.

“Taliban” meýillimi?

Ýöne bular “Taliban” gepleşiklere meýillidir diýen pikirden ugur alnyp aýdylýan zatlar. Käbir tankytçylar: “NATO 2014-nji ýylda goşunlaryny çekjekdigni aýtdy. Onsoň bu görnüp durka, “Taliban” bu işi näme üçin etsin” diýýärler. Galyberse-de, şu wagta çenli “Talibanyň” gepleşiklere meýillidigini açyk görkezýän alamatlar ýok diýerlik.

“Bu ugurlaryň ikisini-de görkezýän alamatlaryň bardygy hakykat. Real ýagdaýy ret etmek we kabul etmek alamatlary ýok däl. Urşuň soňlanmagynyň arzuw edilýändigini görkezýän alamatlar hem bar. Ýöne, meniň pikirimçe, biz günbatardakylar, öz tutumymyzy belli edýänçäk, muny asla bilip bolmaz. Häzir belli zat soňky oýun däl-de, onuň soňlanmaly senesi. Meniň maslahat berýänim soňky oýnuň bellisini etmegimiz” diýip, Miliband aýdýar.

Soňra ol şeýle diýýär: “Biz öz syýasy soňky oýnumyzy haçan aýdyňlaşdyrsak – mysal üçin, howpsuzlyk babata gyzyl çyzyklarymyz näme, owganlar öz jemgyýetini we Baş kanuny nähili düzjek we gurnajak bolsa, bu babatda pikirimizi açyk belli etsek, “Al-Kaýda” bilen arany üzensoň, olaryň Owganystanyň syýasy sahnasynda bolmagy biziň problemamyz däl. Men biz öz syýasy soňky oýnumyzy aýdyňlaşdyrmasak, “Talibanyň” soňky oýnunyň nämedigini bilmeris diýip, pikir edýärin”.

Milibandyň aýdýany dogry bolsa, onda soňky oýnuň başlangyjynyň göz ýeter aralykda bolmagy mümkin. Ýöne beýle bolaýanda-da öňdäki ýol gaty uzak.
XS
SM
MD
LG