Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýada howpsuzlyk güýçleri protestçileri oka tutdy


Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýurduň üçünji uly şäheri Homsdaky protestçilere garşy ýaraglardan ot açandyklary barada habar berilýär.

Aktiwistleriň berýän maglumatyna görä, şäheriň merkezi meýdançasynda ýygnanyp, tä prezident Başar al-Assad häkimiýetden gidýänçä oturmaga çagyryş edýän protestçileri howpsuzlyk güýçleri oka tutupdyr.

Bu waka sebäpli ölenler we ýaralananlar barada entek doly maglumat gowuşmady.

Hukuk goraýjy guramalaryň berýän maglumatyna görä, Siriýada geçen aýda protestler başlanaly bäri, azyndan 200 töweregi adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG