Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet jedelli ýadro desgasyndan el çekenok


Sowuk uruşdan galan we deňiz desgalarynda ulanylýan tehnologiýalaryň Sowet suwasty gämilerinde azyndan 10 betbagtçylyga ýol açandygy aýdylýar.
Sowuk uruşdan galan we deňiz desgalarynda ulanylýan tehnologiýalaryň Sowet suwasty gämilerinde azyndan 10 betbagtçylyga ýol açandygy aýdylýar.
Ýaponiýadaky reaktor krizisi netijesinde dörän global gorky köp ýurtlarda ýadro programmalarynyň haýalladylmagyna sebäp boldy. Soňky ýyllarda gazanylan senagat taýdan öňegidişlik netijesinde ýüze çykan global “atom galkynyşy” yza tesip başlady.

Munuň tersine, Orsýet özüniň uly göwrümli ýadro maksatlaryna ýetmek üçin öňe omzaýar.

Orsýetiň döwlet atom agentligi “Rosatom” indiki 20 ýylyň dowamynda ýurduň ýadro güýjüni iki essä çykarmagy göz öňünde tutýar. Ol beýleki ýerlerde, şol sanda Hindistanda, Hytaýda, Gazagystanda, Belarusda hem atom elektrik stansiýalaryny gurýar.

Häzir dünýä ýurtlary sunami we ýer yranmasy netijesinde zeper ýeten Fukuşimadaky reaktorlaryň howpsuzlygy barada alada edýärler. Orsýet bolsa dünýäniň ilkinji suwüsti ýadro desgasyny ulanyşa girizmäge taýýarlyk görýär.

“Fukuşimada bolan wakalardan soň, bu pikir durşy bilen gülkünç, howply we ahlaksyzlyk” diýip, Russiýanyň ýaşyl energiýa programmasynyň ýolbaşçysy Wladimir Çuprow aýdýar.

Toga sok we işlet

Ýüzýän ilkinji desganyň indiki ýylyň aýagyna çenli işläp başlamagyna garaşylýar. Onuň labyry Orsýetiň uzak gündogaryndaky Kamçatka ýarym adasyna taşlanar. Ol ýerde harby bazalar bar.

Bu region ýer yranmalaryna we sunamilere meýilli hem bolsa, “Rosatomuň” başlygy Sergeý Kirilýenko şu hepde eden çykyşynda bu desganyň Fukuşima senarisine meňzeş ýagdaýlara çydamly boljakdygyny öňe sürdi.

“Fukuşima wakasy gižželeýji myş-myşlara, şol sanda suwüsti atom desgasy boýunça gep-gürrüňlere sebäp boldy – muny bilýärin” diýip, Kirilýenko telewideniýede çykyş etdi. “Käbir adamlar ‘gury ýerdäki stansiýa sunaminiň öňünde durup bilmeýän bolsa, suwda gurlan desgalara näme bolar’ diýip soraýarlar. Emma hiç zat bolmaz. Hemme zat gül ýaly bolar”.

“Rosatom” suwüsti desganyň 12 sanysyny ýasamagy we olaryň birnäçesini eksport etmegi göz öňünde tutýar.

Bu desgalaryň asyl maksady – uzakda ýerleşýän regionlary ýa-da harby bazalary energiýa bilen üpjün etmek. Bu usulyň kän çykdajysynyň ýokdugy aýdylýar.

“Toga sok we işlet” diýlip atlandyrylýan kiçijek stansiýalar labyry kenara ýakyn ýerlere berkidilen baržalaryň üstünde oturdylar, olara elektrik kabelleri çekiler.

Orsýet ýüzýän reaktoryň gurluşygynyň çykdajysyny $550 million diýip kesgitleýär. Adaty reaktorlaryň gurluşygynyň bahasy bolsa mundan has gymmat.

Howpsuzlyk gorkusy

Emma daşky gurşawy goraýan aktiwistler bu proýetiň uly belalara ýol açyp biljekdigini nygtaýarlar.

Daşky gurşaw boýunça “Bellona” topary Sowuk uruşdan galan we deňiz desgalarynda ulanylýan tehnologiýalaryň Sowet suwasty gämilerinde azyndan 10 betbagtçylyga ýol açandygyny belleýär. Şeýle desgalaryň terrorizmden goralmagy hem kyn bolup biler.

Ilkinji ýüzýän atom desgasyny daşajak gämi – “Akademik Lomonosow” geçen ýylyň iýun aýynda Sankt-Peterburgda deňze goýberildi.
Ilkinji ýüzýän atom desgasyny daşajak gämi – “Akademik Lomonosow” geçen ýylyň iýun aýynda Sankt-Peterburgda taýýar edildi.

“Bu mobil desgalar ençeme täze töwekgelçilikleri döredýär” diýip, Russiýanyň ýaşyl energiýa programmasynyň ýolbaşçysy Çuprow aýdýar. “Birinjiden, gatnaw mahalyynda: bu desgany açyk deňizlere goýbermegiň özi hem howply. Deňizde ýüzüp ýören şeýle reaktor terror hüjümleri üçin ideal nyşan. Ýokary derejede baýlaşdyrylan urany daşap ýören baržalaryň howply adamlaryň ellerine geçmek töwekgelçiligi hem ýok däl”.

Tankytçylaryň duýdurmagyna görä, suwüsti desgalary satyn almaga isleg bildirýän ýurtlarda - Hytaýda, Günorta Koreýada, Filipinlerde, Çilide, Braziliýada we beýlekilerde – ýadro desgalarynyň işledilişi boýunça çäkli tejribe bar.

Desgalar üçin niýetlenilýän ýerleriň üzňeleşdirilmegi “howpsuzlyk meseleleri boýunça birnäçe soraglary döredýär” diýip, Halkara parahatçylygy boýunça Karnegi fondunyň Berlindäki ýadro eksperti Mark Hibbs aýdýar.

“Belki-de bu Russiýa Federasiýasy üçin degişli bolman biler, emma Aziýanyň uzak sebitlerinde ýa-da Indoneziýada çynlakaý heläkçilik ýüze çykan ýagdaýynda desglanyň howpsuzlygy nähili bolar? Uzak aralyk heläkçiligiň ýeňledilmegine päsgelçilik döretmezmi? Beýleki bir sorag bolsa: reaktoryň uzakda ýerleşdirilmegi terroristleriň we garakçylaryň hüjüm etmek howpuny ýokarlandyrmaýarmy?”

Hibbsiň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar we Ýewropa döwletleriniň birnäçesi çalt oturdylýan ýadro desgalarynyň ösüp barýan döwletlere berilmeginiň howpy barada “Rosatom” agentligine duýduryş beripdirler.

Munuň bilen birlikde, “Greenpeace” guramasy “Rosatom” edarasynyň ähtimal müşderileriniň köpüsiniň suwasty ýadro tehnologiýasyny edinmegiň ugruna çykandygyny we reaktorlaryň harby maksatlar üçin ulanylmagynyň ähtimaldygyny duýdurýar.
XS
SM
MD
LG