Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Blinken Saud Arabystanyna sapar edýär


Riýadhda Blinkeniň ýokary derejeli saud liderleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Riýadhda Blinkeniň ýokary derejeli saud liderleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

29-njy aprelde ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken, Ýakyn Gündogara edýän giň saparynyň çäginde, Saud Arabystanyna geldi.

Blinken arap hyzmatdaşlary bilen Gazanyň uruşdan soňky ykbalyny maslahat eder, şeýle-de Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahua, prezident Jo Baýdeniň Gazadaky agyr gumanitar ýagdaýy çözmek boýunça eden talaplarynyň berjaý edilmegi ugrunda basyş eder.

Riýadhda Blinkeniň ýokary derejeli saud liderleri bilen duşuşmagyna, şeýle-de bäş arap döwletlerinden, ýagny Katardan, Müsürden, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Iordaniýadan bolan hyzmatdaşlary bilen has giň formatda gepleşik geçirmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG