Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Ysraýyla Rafaha hüjüm etmek üçin ýaraglary ibermejekdigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ysraýyly, onuň Gazadaky Rafah şäherine girmek üçin ulanmagy mümkin, hüjüm maksatly ýaraglar bilen üpjün etmejekdigini aýtdy. Rafah ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terorrorçy gurama hökmünde ykrar edilen Hamasyň Gazadaky soňky möhüm berkitme şäheridir.

Bu hüjümde şäherde pena tapan 1 milliondan gowrak asuda ilatyň ýagdaýy baradaky aladalar nukdaýnazaryndan kabul edildi.

Baýden CNN-e beren interwýusynda ABŞ-nyň Ysraýylyň goranyşyna ygrarlydygyny, şeýle-de Demir Gümmez howa hüjüminden goranyş ulgamy we beýleki gorag maksatly ýaraglar bilen üpjün etjekdigini, emma Ysraýyl Rafaha girse, onda “biz ýaraglar we artilleriýa toplary bilen üpjün etmeris” diýdi.

XS
SM
MD
LG