Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Palestina täze hukuk berjek, BMG agzalygy haýyşyny janlandyrjak karara ses berer


Palestin lideri Mahmud Abbas. Arhiw suraty
Palestin lideri Mahmud Abbas. Arhiw suraty

BMG-niň Baş Assambleýasy 10-njy maýda Palestina täze “hukuklary we artykmaçlyklary” berjek karar boýunça ses berer we Howpsuzlyk geňeşini Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasynyň 194-nji agzasy bolmak baradaky haýyşyna oňyn garamaga çagyrar.

Birleşen Ştatlar 18-nji aprelde geňeşiň giňden goldanýan kararyna, Palestina üçin Birleşen Milletler Guramasynyň doly agzalygyna ýol açjak rezolýusiýa weto goýdy.

Palestinalylar köp wagt bäri bu maksada ýetmek tagallasyny etseler, Ysraýyl onuň öňüni almak üçin iş alyp barýar.

ABŞ ilçisiniň orunbasary Robert Wud 9-njy maýda çykyş edip, Baýden administrasiýasynyň assembleýanyň bu kararyna garşy çykýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG