Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German ministri ýaranlaryň Ukraina ýene üç sany “Patriot” berjekdigini aýdýar


Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius 9-njy maýda günbatarly ýaranlarynyň Ukraina üç sany ýokary çeýelikli artilleriýa raketa ulgamyny, HIMARS diýilýän ýaraglary eltip berjekdigini yglan etdi.

"Ol ýaraglar ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň ammarlaryndan alnar we bahalary biz tarapyndan tölener" diýip, ol amerikan kärdeşi Lloýd Ostin bilen Waşingtonda duşuşanyndan soň aýtdy.

HIMARS ýaraglary çalt we yzly-yzyna köp ugurly raketalary atyp bilýän, ýük awtoulagynda oturdylan raketa atyjydyr. Ukraina iberilýän raketalar 80 kilometr aralyga çenli uzakdaky nyşanalary urup bilýär.

XS
SM
MD
LG