Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ýene wezipeden boşatdy, wezipä belledi


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti 15-nji aprelde Amanmyrat Abdyllaýewi, saglyk ýagdaýy sebäpli diýip, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine Berdimuhammet Taganow bellenildi.

Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow Serdar Kakabaýewi Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi.

Mundan başga, döwlet baştutany Kakageldi Haýtekowy, Yslam Nursahatowy Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary, Muhammetberdi Öwezmyradowy Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipelerine belledi.

Türkmenistanda etrap ýolbaşçylaryndan başlap, gazet-žurnallaryň baş redaktorlarynyň orunbasarlaryna çenli, prezident tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

Ýöne wezipeden boşadylýan emeldarlaryň eden ýa etmedik işi hakynda açyk maglumat berilmeýär, ýogsa olaryň käbiri soň jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.

Şol bir wagtda, soňky otuz ýylda yzygiderli, dyngysyz täzelenýän ýolbaşçylar, kadr geldi-geçerliginiň agyr netijeleri, ýurtda dowam edýän azyk ýetmezçiliginiň, işsizligiň we ykdysady çökgünligiň anyk sebäpleri barada ne ilata, ne-de ýurduň parlamentine açyk hasabat berilýär.

XS
SM
MD
LG