Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýene bir gezek prezidentlige kasam etdi, Günbatar dabara goşulmady


Wladimir Putin 7-nji maýda bäşinji gezek Russiýanyň prezidenti hökmünde dabaraly kasam kabul etdi.
Wladimir Putin 7-nji maýda bäşinji gezek Russiýanyň prezidenti hökmünde dabaraly kasam kabul etdi.

Wladimir Putin 7-nji maýda bäşinji gezek Russiýanyň prezidenti hökmünde dabaraly kasam kabul edip, alty ýyllyk prezidentlik möhletine başlady. Günbatar ýurtlarynyň köpüsi, onuň Ukrainada alyp barýan urşy sebäpli we, sesleriň aglaba köplügini almak üçin ýokardan gurnalan saýlaw ýeňşini ret etmek bilen, bu çäräni boýkot etdi.

71 ýaşly Putin Moskwanyň uly Kreml köşgünde geçirilen bezemen dabarada, Russiýanyň ýokary derejeli syýasatçylarynyň we beýleki abraýly adamlaryň gatnaşmagynda kasam kabul etdi. Emma bu dabarada Birleşen Ştatlaryň, Angliýanyň, Kanadanyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň köp agzasy görünmedi.

2000-nji ýyldan bäri prezident ýa-da premýer-ministr bolup işlän Putin, täze möhletiniň ahyryna çenli sowet diktatory Iosif Staliniň 30 ýyla golaý hökümdarlygyndan hem ozduryp, iki asyryň dowamynda iň uzak wagtlap işleýän rus lideri bolar.

Ol mart aýynda geçirilen saýlawda, 2020-nji ýylda geçirilen konstitusiýa özgertmelerinden peýdalanyp, resmi maglumata görä, sesleriň 87% -inden gowragyny aldy. Konstitusiýa reformalary oňa ýene-de iki gezek alty ýyl möhlete prezident bolmak hukugyny berdi. Bu onuň häzirki işinde 2036-njy ýyla çenli bolup biljekdigini aňladýar.

Russiýadaky saýlawlar Kreml tarapyndan berk gözegçilik astynda geçirilýär. Hökümete kanunylyk duýgusyny berýändigi üçin zerur hasaplansa-da, bu ses berişlik ne azat, ne-de adalatly hasaplanýar. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu saýlaw oppozisiýa kandidatlarynyň aýrylmagy, saýlawçylary gorkuzmak, býulletenleri doldurmak we beýleki hile-mekirlikler bilen tapawutlandy.

"Elbetde, biz bu saýlawlary azat we adalatly hasaplamadyk, ýöne ol Russiýanyň prezidenti we bu wezipäni dowam etdirer" diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Matthew Miller dabaranyň açylyşynyň öňüsyrasynda aýtdy.

Bu prezident saýlawy Putiniň 2022-nji ýylyň fewral aýynda goňşy Ukraina garşy goşun sürüp, urşa başlaly bäri geçirilen ilkinji saýlaw boldy we onda urşa garşy iki kandidatyň bäsleşige gatnaşmagynyň öňi baglandy.

Şu aralykda, Putiniň iň uly syýasy duşmany bolan Alekseý Nawalnyý, ruslaryň saýlawlara gatnaşmazyndan bir aý öň, Sibir türmesinde aradan çykdy.

"Uruş, syýasy sebäpli kast etmeler, ruslaryň garyplaşmagy. Russiýa üçin abadançylyk, raýatlarymyz üçin rahatlyk we azatlyk ýok" diýip, Nawalnynyň aýaly Ýuliýa Nawalnaýa 7-nji maýda sosial ulgamda çap eden makalasynda ýazdy.

"Biziň ýurdumyzy ýalançy, ogry we ganhor dolandyrýar. Ýöne munuň hökman soňy geler" diýip, ol aýtdy.

Russiýa Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaly bäri, Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklar Sowuk urus gutaranyndan soňky iň pes derejesine düşdi.

Kiýewiň günbatar ýaranlary Ukrainanyň goşun we ýarag taýdan has güýçli duşmanyna gaýtawul bermek ugrundaky göreşine goldaw berdiler.

Putin kasam kabul edeninden soň sözlän sözünde Günbatar bilen gepleşikleri aradan aýyrmajakdygyny aýtdy, ýöne ol dialogyň deň şertlerde bolmalydygyny aýtdy. Şol bir wagtda ol Russiýanyň beýleki ýurtlar, öz sözleri bilen aýdylanda "dünýäniň köplügi" bilen gatnaşyklary ösdürmäge açykdygyny belledi.

"Biz Russiýanyň, hususan-da onuň jenaýatçy lideriniň üzňeleşdirilmeginiň dowam etdirilmelidigine ynanýarys" diýip, Litwanyň daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis öz ýurdunyň bu dabarany boýkot etmeginiň sebäbini düşündirdi.

"Putiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmak Litwa üçin kabul ederliksiz. Biziň ileri tutýan zadymyz Ukraina we rus agressiýasyna garşy göreşýän halky goldamak bolmagynda galýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG