Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýalylar prezidentlik saýlawlarynyň soňky gününde ses berýärler. Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde uly nobat döredi


Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde ses bermäge garaşyp duran adamlar. 17-nji mart
Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde ses bermäge garaşyp duran adamlar. 17-nji mart

Russiýalylar prezidentlik saýlawlarynyň üçünji we soňky gününde ses bermäge gatnaşýarlar. Bu aralykda, 17-nji martda öýläne golaý saýlaw uçastoklarynda has köp adamyň toplanmak mümkinçilikleri bilen baglylykda, käbir howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde hem ses bermäge gelenleriň uly nobatlary döredi.

”Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde onlarça adam toplandy. Ýerli saýlawlarda adamlaryň sany bular ýaly derejede hiç haçan köp bolmaýardy” diýip, aşgabatly habarçymyz 17-nji martda gürrüň berdi.

Aşabatdaky rus ilçihanasyna ses bermäge gelen ýaşaýjylar. 17-nji mart
Aşabatdaky rus ilçihanasyna ses bermäge gelen ýaşaýjylar. 17-nji mart

Häkimiýet başyndaky prezident Wladimir Putiniň bu saýlawlarda aňsatlyk bilen ýeňiş gazanyp, nobatdaky alty ýyl möhlete ýene prezident saýlanmagyna garaşylýar. Ses berişlik ýurtda Putin bilen dalaş edip biljek kandidatlaryň saýlawlara goýberilmezligi, şeýle-de dissidentlere we garaşsyz media garşy edilýän gazaply basyşlaryň arasynda geçirilýär.

Russiýanyň häkimiýetleri öýläne golaý saýlaw uçastoklarynda bolmagy mümkin protest hereketleri bilen baglylykda, howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler. Häkimiýetler saýlaw prosessine päsgel berenlere uzak möhletleýin türme tussaglygynyň beriljekdigi bilen haýbat atdylar.

Aşabatdaky rus ilçihanasyna ses bermäge gelen ýaşaýjylar. 17-nji mart
Aşabatdaky rus ilçihanasyna ses bermäge gelen ýaşaýjylar. 17-nji mart

Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde ýygnanlaryň, käbir rus oppozisiýa syýasatçylarynyň “Putinsiz öýlän” diýen çagyryşlary esasynda gelip-gelmändigini soramak, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, mümkin bolmady.

Saýlawlaryň geçýän döwri, Ukrainanyň güýçleri hem Russiýanyň territoriýasyna edýän hüjümlerini ýaýbaňlatdylar. 17-nji martda Russiýanyň Goranmak ministrligi öten agşamyň dowamynda ýurduň üstünde 37 sany ukrain dronunyň urlandygyny habar berdi.

Forum

XS
SM
MD
LG