Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Çernihiw şäherine uran howa zarbasynda azyndan 10 adam öldi


Çernihiw, 17-nji aprel.
Çernihiw, 17-nji aprel.

Russiýanyň Çernihiw şäherine eden howa hüjüminde azyndan 10 adam öldi, birnäçe adam ýaralandy, prezident Wolodymyr Zelenski bu hüjümiň öňüniň alnyp bilinmändigini, sebäbi ýaranlar, hususan-da ABŞ tarapyndan berilýän howa goranyş ulgamlarynyň düýpli azalandygyny aýtdy.

Moskwanyň soňky zarbalary amerikan syýasatçylarynyň Ukraina berilýän harby kömegiň we 62 milliard dollarlyk kömek bukjasynyň öňüni baglamaklaryny dowam etdirýän wagtynda uruldy.

Çernihow sebitiniň häkimi Wýaçeslaw Çaus rus güýçleriniň howa hüjüminiň 17-nji aprelde, ýerli wagt bilen sagat 8: 50-de, howa duýduryşy yglan edileninden soň bolandygyny aýtdy. Şu wagta çenli bu zarbalar netijesinde 10 adamyň ölendigi mälim, 20 töweregi adam bolsa ýaralandy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kiýewiň 145 km demirgazygynda ýerleşýän Çernihow şäheriniň häkimi Oleksandr Lomako bu hüjümde ýerli raýat we sosial infrastruktura desgalaryna zarba urlandygyny aýtdy.

Rus tanklary 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina golaýdaky belarus çäginden müňzäp gireli bäri, bu şähere birnäçe gezek zarba uruldy.

"Gynansak-da, ölenleriň sanynyň artmagy mümkin. Eger-de Ukraina ýeterlik howa goranyş enjamlaryny alan bolsa, dünýäniň rus terrorçylygyna garşy durmak karary aýgytly bolan bolsa, bu beýle bolmazdy" diýip, Zelenski telegramda paýlaşan hatynda aýtdy.

"Aýgytlylyk möhüm. Goldaw möhüm. Ukrainanyň tutanýerliligi ýeterlik. Bu ýerde hyzmatdaşlarymyzyň düýpli ygrarlylygy we muny görkezmek üçin ýeterlik goldawy bolmaly" diýip, ukrain lideri aýtdy.

Kiýew güýçleriniň howa goragy ulgamlarynyň we juda mätäç bolan ok-därileriniň azalmagy, ABŞ kömeginiň Respublikan oppozisiýa sebäpli Wekiller öýünde saklanmagy bilen, Russiýa Ukrainada edýän howa hüjümlerini görnetin güýçlendirdi.

Ukrain resmileri Waşingtona we onuň ýaranlaryna harby üpjünçiligi we berilýän kömegi güýçlendirmek haýyşy bilen ýüz tutup, Ukrainanyň howa goragynyň diňe özi üçin däl, goňşularyny goramak üçin hem möhümdigini aýtdylar.

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň başlygy Maýk Jonson Ukraina üçin takmynan 62 milliard dollarlyk kömegi geçirmek üçin zerur bolan sesleri gözleýär, ýöne aşa sagçy respublikanlar, hususan-da öňki prezident Donald Tramp bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýänler Kiýewe Russiýa garşy durmak üçin berilýän kömege ynamsyz garaýarlar.

Olar Tamp noýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda, partiýanyň dalaşgäri hökmünde, prezident Jo Baýden bilen bäsleşige çykar öýdýärler.

Günbatar kömeginiň azalmagy, howa goranyş ulgamlarynyň, ýaraglaryň we ok-därileriň barha kän ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan Kiýew, harby desgalary we nebiti gaýtadan işleýän möhüm kärhanalary nyşana alyp, Russiýanyň çäginde howa we deňiz pilotsyz uçarlaryny ulanmagyny barha güýçlendirmäge başlady.

17-nji aprel güni irden Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym sebitiniň demirgazygynda, Žankoý şäherinde ýerleşýän harby howa meýdançasynda birnäçe partlama boldy.

“Astra Telegram” kanaly ýerli ýaşaýjylardan gelendigi aýdylýan wideolary görkezdi, olarda howa menziliniň ýerleşýän ýerinden asmana galan uly tüssäniň içindäki ot-ýalynlar görünýär. Emma bu habarlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.

Russiýanyň Krymdaky häkimiýetleri bu habarlara bada-bat düşündiriş bermediler.

Forum

XS
SM
MD
LG