Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan etdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. 19-njy iýul, 2016 ý.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. 19-njy iýul, 2016 ý.

21-nji iýulda Türkiýede ýurt boýunça üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý güýje girdi. Prezident Rejep Taýyp Erdogan bu hereketiň hökmany zerurdygyny aýdyp, onuň kanunyň hökmürowanlygyny we raýatlaryň esasy azatlyklaryny depelemeýändigini belledi.

“Ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegiň maksady demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygyna we raýatlarymyzyň hukuklaryna hem azatlyklaryna abanýan howpa garşy çalt we netijeli ädimleri ätmäge gönükdirlendir” diýip, Erdogan Ankarada bäş sagatlap dowam eden Ministrler Kabinetiniň ýygnagyndan soň aýtdy.

“Bu çäre demokratiýa, kanununyň hökmürowanlygyna we azatlyga düýbünden garşy däl. Munuň tersine, bu çäre agzalýan gymmatlyklary goramagy hem güýçlendirmegi maksat edinýär” diýip, Erdogan telewideniýede eden çykyşynda belledi.

Ýene-de 32 sany sudýa we iki harby ofiser tussag edildi

Erdoganyň hökmany zerur we Türkiýäniň konstitusiýasyna doly laýyk gelýär diýip aýdan ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý ýerli wagt bilen 21-nji iýulda sagat 13:00-da güýje girdi.

Türkiýede adatdan daşary ýagdaý yglan edilenden birnäçe sagat soň, döwlet mediasy 21-nji iýulda türk häkimiýetleri tarapyndan ýene-de 32 sany sudýanyň we iki harby ofiseriň tussag edilendigini habar berdi.

Dünýä liderlerini haýran galdyran başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yz ýany, görlüp-eşidilmedik repressiýanyň bir bölegi hökmünde Erdoganyň hökümeti ýurtda 60 müňe golaý polisiýa işgärini, sudýany, döwlet işgärini we mugallymy wezipesinden boşatdy, işini togtatdy ýa-da tussag etdi.

Türkiýedäki 360 çemesi generalyň tas üçden bir bölegi tussag edildi. Türkiýäniň Goranmak ministrligi harby sudýalaryň we prokurorlaryň ählisini derňeýär we olaryň 262 sanysynyň işini togtatdy. “NTV” telekanalynyň berýän maglumatyna görä, 20-nji iýulda Ankarada 900 polisiýa ofiseriniň ygtyýarlyklary durzuldy.

Ilkinji reaksiýa

Erdogan we onuň orunbasarlary türk halkyna media azatlygynda ýa-da şahsy azatlyklarda hiç hili çäklendirmeleriň bolmajakdygyny ynandyrmaga çalyşdylar. Emma muňa garamazdan, ýurtdaky adatdan daşary ýagdaý boýunça görülýän çäreler türk hökümetine komendant sagatlaryny girizmäge, habar serişdelerini, şahsy üýşmeleňleri gadagan etmäge we beýleki zatlar bilen bir hatarda hususy jaýlarda gözleg işlerini geçirmäge ygtyýar berýär.

“Bu 1990-njy ýyllarda ýüz beren harby ýagdaý ýaly däl. Bu adaty raýatlaryň we işewürleriň durmuşyna täsir ýetirmez, olaryň işjeňlik şertleri bölünmez. Biznes adaty bolşy ýaly dowam eder. Bu biziň ýewropa hyzmatdaşlarymyzyň girizýän [adatdan daşary ýagdaýyndan] tapawutly bolmaz” diýip, türk premýer-ministriniň orunbasary Mehmet Şimşek Twitter sosial ulgamynda ýazan maglumatynda belledi.

Erdoganyň ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan etmegine, Günbatardan ilkinji reaksiýa Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Wlater Ştaýnmaýerden geldi. Ol 21-nji iýulda eden çykyşynda, Türkiýäni başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyna gaýtawul berende, kanunyň hökmürowanlygyny we deňagramlylygy saklamaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG