Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti 9-njy maýda Moskwada geçjek harby parada gatnaşar – Kreml


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) rus prezidenti Wladimir Putin bilen (arhiw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) rus prezidenti Wladimir Putin bilen (arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Moskwada Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagynyň 79 ýyllygy mynasybetli geçiriljek harby parada gatnaşar. Bu barada Kremliň metbugat gullugy mälim etdi.

Berdimuhamedowdan başga-da hormatly myhman hökmünde parada Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Kubanyň, Laosyň we Gwineý-Bisaunyň prezidentleri hem çagyrylypdyr.

Bu parad Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başlanan giňişleýin çozuşynyň fonunda, Moskwanyň global ýazgaryş we sanksiýalar sebäpli izolirlenen wagtynda geçirilýär. Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyndan soň, 9-njy maýda Gyzyl meýdançada bellenilýän Ýeňiş dabaralaryna gatnaşmak isleýän daşary ýurtly myhmanlar, görnükli adamlar görnetin azaldy.

XS
SM
MD
LG