Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Demokratiýa görkezijisinde 1 bal aldy


Merkezi Ýewropada we Merkezi Aziýada demokratik görkezijiler 20 ýyl bäri yzygiderli pese gaçmagyny dowam etdirýär diýip, “Azatlyk öýi” (Freedom House) guramasynyň “Geçiş ýurtlary - 2024” diýlip atlandyrylan ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşy, Dagly-Garabagdaky konflikt we soňky ýyllarda bolup geçen beýleki wakalar sebitdäki geosyýasy özgerişlikleriň tizleşmegine itergi berdi. "Ýurtlar iki garşydaş topara bölündi: liberal, demokratik tertibe ygrarlylar we ony düýbünden ret edýänler" diýip, sebitiň 29 ýurduny öz içine alan hasabatda aýdylýar.

Geçen ýyl sebitdäki 10 ýurtda demokratiýa derejesi pese gaçdy, ilerlemeler diňe bäş ýurtda göründi. Hünärmenler sebitiň demokratiýany pugtalandyrmak meselesinde uçran “şowsuzlygyny” awtoritar we anti-demokratik liderler bilen baglanyşdyrýarlar.

“Freedom House” Azerbaýjany, Belarusy, Russiýany we Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryny “berkidilen awtoritar režimler” diýip häsiýetlendirýär.

Ermenistan, Gürjüstan, Moldowa, Wengriýa, Ukraina we beýlekiler “Tranzit ýa-da gibrid režimler”, ýagny geçiş ýada garjaşyk režimler hökmünde häsiýetlendirilýär.

Halkara guramanyň beren bahasyna laýyklykda, Özbegistan mümkin bolan 7 baldan 1,18 bal aldy.

Gyrgyzystanyň demokratik görkezijisi 1,64 bala düşdi, ozal 1,68 baldy, Gazagystan - 1,29 (1,32) boldy. Täjigistanyň we Türkmenistanyň görkezijileri degişlilikde 1,04 bal we 1 bal boldy.

XS
SM
MD
LG