Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metjit, buthana, sinagoga bir jaýda


"House of One" (Ýeke-tägiň öýi).
"House of One" (Ýeke-tägiň öýi).

Ymamyň aýtmagyna görä, täze salynjak ybadat jaýy tapawutly medeniýetleriň biri-birini gowy öwrenjek ýeri bolar.

Germaniýanyň Berlin şäherinde dünýädäki ilkinji umumy ybadat jaýynyň salynmagy üçin taýýarlyklara başlandy.

"House of One" (Ýeke-tägiň öýi) diýip atlandyrylýan ol dini merkezde, şol bir wagtyň özünde ýewreýler, musulmanlar we haçparazlar öz ybadatlaryny berjaý edip bilerler.

Täze ybadat jaýy Berliniň "Petrikirchen" atly ilkinji buthanasynyň ýerinde dikeldiler. Jaýyň gurluşygyna geljek ýyl başlanar.

Bu tagallany orta atan toparyň guramaçylaryndan biri bolan rawin Towia Ben Çoriniň aýtmagyna görä, Berlin 20-nji asyrda taryhyň tümlük döwrüni başdan geçirenem bolsa, häzirki döwürde hoşniýetliligiň merkezine öwrüldi.

Ben Çorin "Her bir ýewreýe täsir edişi ýaly bu şäher şol bir wagtyň özünde mende bir ynjy goýýarka, beýleki tarapdan, diýseň täsin ýagdaýlara hem ylham berýär. Bu ýerde meniň ýaly ýewreýleriň kadaly ýagdaýda gyrgynçylyga duçar edilmegi üçin plan taýýarlanypdy. Ýöne muňa gaýtawul hem ýene bu şäheriň hut özünden geldi" diýip nygtaýar.

Onuň sözlerine görä, Berlin medeni utgaşyklyk bilen dini hoşniýetliligiň nusgasyna öwrülip biler.

"Bu bir multikultural, ýagny, köp medeniýetli şäherdir. Bu ideýa bütin dünýä ýaýrar".

Ymam Kadir Sanji bolsa bu täze ybadat merkeziniň musulmanlary bütin dünýä parahatçylyksöýiji hökmünde tanatjakdygyny aýýar. Onuň bellemegine görä, dikeldiljek täze ybadat jaýy şol bir wagtyň özünde tapawutly medeniýetleriň biri-birini öwrenýän ýeri bolar.

Has köp umumylyklar

Memar Wilfried Kuehn hem jaýyň içindäki üç ybadathananyň her biriniň göwrüminiň şol bir ölçegde, ýöne öz dini ynanjynyň aýratynlyklaryny suratlandyrýan görnüşde salynjakdygyny bildirýär.

Ol "Metjitde we sinagogada iki, buthanada bolsa bir gat bolar. Buthanada organ bolar. Metjitde bolsa täret alynjak ýerler bolar" diýýär.

Kuehn we onuň inženerler topary täze ybadat jaýynyň keşbi üçin taýýarlyk gören mahaly has köp umumylyklara duş gelendigini mälim edýär.

Öňki döwürlerde hem tapawutly dinler şol bir jaýy ybadat ýeri hökmünde ulanypdyrlar. Ispaniýanyň günortasyndaky metjitler haçparazlaryň zabt etmeginden soň buthana öwrülipdir. Türkiýede bolsa buthanalar metjitlere öwrülipdir.

Ýöne täze ybadat jaýy bulardan düýpgöter tapawutlanýar. Ol ýerde şol bir wagtyň özünde üç diniň wekilleri bir üçegiň astynda öz ybadatlaryny berjaý ederler.

XS
SM
MD
LG