Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýadaky prezident saýlawynyň soňky gününde uzak aralyk dron zarbalaryny urdy


 Belgoroda urlan zarbadan soňky görnüş
Belgoroda urlan zarbadan soňky görnüş

18-nji martda Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod sebitine uran howa zarbasynda iki adam ölüp, dört adam ýaralandy diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Wýaçeslaw Gladkow telegramda habar berdi.

Gladkow iki pidanyň biriniň 17 ýaşly oglan bolandygyny, ýaralananlaryň biriniň harabalygyň aşagyndan çykarylan ýaş gyz bolandygyny hem sözüne goşdy. Ukraina garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýan hüjüm barada hiç bir düşündiriş bermedi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 18-nji martda Belgorod sebitiniň 10 sany ukrain raketasy, “Wampirler” bilen nyşana alnandygyny aýtdy. Ministrlik ol raketalaryň ählisiniň howa goranyş ulgamlary tarapyndan urlup gaçyrylandygyny habar berdi.

Ukraina 17-nji martda Russiýa garşy guralan pilotsyz uçar hüjümleriň täze tolkunyny amala aşyryp, aýdylmagyna görä, prezident Wladimir Putiniň dolandyryşyny ýene bir alty ýyl uzaltmak üçin geçirilýän prezident ses berişliginiň soňky gününde iki adamyň ölümine sebäp boldy.

Şu aralykda, Russiýa Ukrainanyň günortasyndaky Mikolaýewe raketa hüjümini edip, bäş adamy ýaralady diýip, ýerli resmiler aýtdy. Gündogardaky Sumy sebitine hem hüjüm edildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi öten agşam Ukrainanyň 35 sany pilotsyz uçarynyň urlup ýykylandygyny, olaryň dördüsiniň Moskwa sebitinde urlandygyny habar berdi. Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin paýtagtda ölenleriň we çekilen ýitginiň bolmandygyny aýtdy. Bu hüjüm Moskwanyň üç howa menziliniň wagtlaýyn ýapylmagyna sebäp boldy.

Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, rus paýtagtynyň günortasyndaky Kaluga sebitinde we Moskwanyň demirgazyk-gündogaryndaky Ýaroslawl sebitinde ýene iki pilotsyz uçar urlup ýykyldy. Belgorod, Kursk, Rostow we Krasnodar sebitlerinde has köp ukrain dronynyň urlup gaçyrylandygy aýdylýar.

Belgoroda edilen hüjüm 16 ýaşly bir gyzy öldürip, onuň kakasyna agyr ýara saldy diýip, ýerli resmiler aýtdylar. Ýerli resmileriň tassyklamagyna görä, Ukraina bilen serhetleşýän Belgoroda soňky üç günüň dowamynda atylan top oklary azyndan alty adamyň ölümine sebäp boldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy konfliktiň iki tarapyndan ölen we ýaraly bolan adamlaryň sanlary barada berilýän maglumatlary özbaşdak tassyklap bilmeýär.

Ukraina Krasnodarda nebiti gaýtadan işleýän Slawýansk zawodyna hüjüm edip, ýangyn turmagyna we bir adamyň ölümine sebäp boldy.

Bu hüjüm, Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän pudagyna garşy edilen soňky hüjüm bolup, Kiýew rus ýaragly güýçleriniň benzin we reaktiw ýangyç üpjünçiligini, nebit önümleriniň eksportyny bozmaga çalyşýar. Nebit eksportyndan gelýän girdeji Russiýanyň federal býujet girdejileriniň esasy bölegini düzýär.

Umuman, Russiýanyň içine edýän pilotsyz uçar hüjümleriniň ýygylygyny artdyrmak bilen, Ukraina Kreml tarapyndan başlanan urşy rus halkynyň öz üstüne getirmäge synanyşýar. Bu ýaragyň uruşda barha möhüm ähmiýete we uly rola eýe bolmagy bilen, Ukraina täze döredilen pilotsyz uçar pudagyna düýpli maýa ýatyrdy.

Mykolaýw şäherine azyndan iki sany ballistik raketa gelip urdy we olar bäş adamyň ýaralanmagyna, jaýlaryň we awtoulaglaryň zaýalanmagyna sebäp boldy diýip, ýerli resmiler aýtdylar.

Rus serhediniň golaýyndaky Sumy şäherinde infrastruktura desgasynda ýangyn turdy. Russiýa soňky günlerde Sumy şäherine 800-den gowrak artilleriýa tapgyrlaryny aýtdy. Bu sebite geçen ýyl atylan top oklarynyň ýarysyna barabar bolýar.

Russiýanyň goranyş çykdajylaryna pul dökmegi top oklarynyň we raketalaryň önümçiligini güýçlendirýär.

Russiýa, ýarag we adam sanynyň artykmaçlygyndan peýdalanmak üçin, soňky aýlarda ukrain güýçlerine garşy edýän howa we gury ýer hüjümlerini güýçlendirdi.

Kiýewiň täze mobilizasiýa kanunyny kabul edip bilmezliginiň arasynda, Waşingtonyň söweşýän ýurt üçin 60 milliard dollarlyk kömek bukjasyny tassykladyp bilmezligi sebäpli, Ukraina häzirki wagtda adam güýjüniň we ok-därileriň ýetmezçiliginden ejir çekýär.

Kiýew birnäçe ýüz müň adamy mobilizlemeli. Bu syýasy taýdan meşhur çäre bolmasa-da, häkimiýetler onuň rus güýçlerini yza kowmaga kömek etmegine umyt baglaýar diýip, bilermenler aýdýar. Kiýew, ir bolanda, şu aýyň ahyrynda täze kanun taslamasyny kabul edip biler diýip garaşylýar.

Şu aralykda, ABŞ Kongresi ýakyn hepdelerde Ukraina goldaw berjek täze kanun taslamasyna ses berip biler. ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň resmileriniň duýdurmagyna görä, ýakyn wagtda ABŞ kömegini almasa, Ukrainanyň çynlakaý kynçylyklara duçar bolmagy mümkin.

Forum

XS
SM
MD
LG