Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski, 'elhenç' rus zarbalaryndan soň, kömek basyşyny etmek üçin Wilniusa geldi


Prezident Wolodymyr Zelenski 
Prezident Wolodymyr Zelenski 

Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň ýaranlaryny ýene-de bir gezek öz söweşýän ýurduna has köp howa goranyş ulgamyny bermäge çagyrdy. Bu çagyryş Russiýanyň Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna eden "ýowuz" hüjümleriniň ýüzlerçe müň ukrainalyny elektriksiz galdyran wagtynyň yz ýanyndan edildi.

11-nji aprelde Litwanyň paýtagty Wilniusa, Üç deňiz başlangyjy sammitine gelen Zelenski agza döwletleriň 12-sinden bolan kärdeşleri bilen duşuşyp, Russiýanyň barha ýygjamlaşýan hüjümlerine garşy durmak üçin öz ýurduna berilýän goldawyň güýçlendirilmegini gazanmaga çalyşjakdygyny aýtdy.

"Häzirki wagtda esasy wezipe howa goranyş ulgamymyzy berkitmek, Ukrainanyň Goranmak güýçleriniň gyssagly zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we rus terrorçylygyny ýeňip geçmek üçin halkara goldawyny berkitmek" diýip, Zelenski Wilniusa geleninden soň öňki twittered, X platformasynda ýazdy.

Zelenski biraz öň Russiýanyň köp sanly pilotsyz uçar we raketa bilen hüjüm edip, Ukrainanyň azalýan howa goragy ulgamlaryna we ok-därilerine mazaly agram salandygyny aýtdy.

"40-dan gowrak raketa atyldy, 40 töweregi hüjüm pilotsyz uçary uçuryldy. Raketalaryň we “Şahed” dronlarynyň käbiri urlup ýykyldy. Gynansagam, diňe bir bölegi" diýip, Zelenski Telegramda ýazdy we soňky hüjümi "elhenç" diýip atlandyrdy.

Ukrainanyň howa güýçleri aýratynlykda, 11-nji aprelde edilen hüjümde howa goragy ulgamlarynyň 39 pilotsyz uçary, 16 ganatly raketany we iki sany dolandyrylýan raketany ýok edendigini aýtdy.

Zelenski Ukrainanyň ýaranlaryna ýüzlenip, olaryň has çalt hereket etmeklerini sorady, Ukrainanyň özüni goramak mümkinçilikleriniň üpjün edilmegine çagyrdy.

"Howa goranyşy we beýleki goranyş goldawlary gerek, göz ýummaly däl, muny beýle uzak wagtlap ara alyp maslahatlaşmaly däl" diýip, Zelenski ýazdy we Moskwanyň Ukrainany garaw görmezden bombalamagyna ýol bermegiň Russiýa dünýä dowul salmak mümkinçiligini bermek bolup durýandygyny sözüne goşdy.

"Eger-de Russiýa muny dowam etdirmek rugsady berilse, rus raketalary we" Şahedleri" diňe bir Ukraina gelip urman, eýsem onuň hyzmatdaşlarynyň aýgytlylygyna hem hüjüm etse, bu terrorçylyga berlen global ygtyýarnama bolar" diýip, ukrain lideri ýazdy.

Russiýanyň raketa we pilotsyz uçarlarynyň 11-nji aprel güni irden Ukrainanyň dört sebitine eden hüjüminde esasy nyşana energiýa desgalary boldy diýip, energetika ministri Herman Haluşçenko aýtdy.

"Harkow, Zaporižýa, Lwow we Kiýew sebitlerinde öndüriji desgalara we geçiriji ulgamlara hüjüm edildi. Energetika işgärleri urlan zarbalaryň ýetiren zyýanyny aradan aýyrmak tagallalaryny edýärler" diýip, Haluşçenko Facebook hatynda aýtdy.

Ukrainanyň ikinji uly şäheri, rus serhedinden 30 km uzaklykda ýerleşýän Harkow 11-nji aprel güni irden ýene rus hüjüminiň esasy nyşansyy boldy, ýerli resmiler 10 howa zarbasynyň urlandygyny habar berdiler.

Urlan zarbalar 200,000-den gowrak harkowlynyň energiýa üpjünçiligini kesdi diýip, Ukrainanyň prezident edarasynyň başlygynyň orunbasary Oleksi Kuleba telegramda aýtdy.

"Häzirki wagtda pida bolanlar ýok. Maglumatlar täzelenýär. Biz eýýäm elektrik togunyň kesilen ýerlerini düzedýäris" diýip, Harkowyň harby administrasiýasynyň başlygy Oleh Synyehubow telegramda ýazdy, Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terekow bolsa zarbalaryň jemgyýetçilik transportynda we elektrik liniýalarynda kynçylyk döredendigini aýtdy.

"Metro gelýän birnäçe sagatda ýapyk bolar, şu sebäpden barýan ugurlaryňyzy öňünden pikirleriniň" diýip, Terekow telegramda ýazdy.

Russiýanyň Harkow şäherine edýän hüjümleri soňky hepdelerde has güýçlendirildi. Şäher häkimi Ihor Terekow ýakynda S-300 kysymly raketalaryň Russiýanyň Belgorod sebitinden Harkow şäherine gelip ýetmegi üçin bary-ýogy 40 sekunt wagtyň gerek bolandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG