Orsýet gyzlar üçin ýörite programma arkaly "Alabuga" şäherindäki dron öndürýän desgada gyrgyz zenanlaryny işe alyp başlady. Şeýle mahabatlar Gyrgyzystandaky bilim edaralaryna ýetdi, ýöne käbirleri soňra aýryldy.
Türkmenistanda orta mekdebi tamamlaýan 18 ýaşly uçurymlaryň käbiri gutardyş synaglaryna gatnaşmazdan öň harby gulluga çagyrylýar. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, saglyk ýagdaýyna ýa-da okuwyny dowam etdirmek meýillerine garamazdan, ýaşlaryň bir bölegi göni goşun gullugyna ugradylýar.
Mary welaýatynda 25-nji maýda orta mekdeplerden uçurym bolan ýaşlar “Soňky jaň” çärelerini berk polisiýa gözegçiligi astynda bellemeli bolýarlar.
Balkan welaýatynyň dag etegindäki obalary sil basdy. Dynç günlerinde ýagan güýçli ýagyş we yzýany toplanan sil suwlary uly mukdarda toplanyp birnäçe ilatly ýerleriň üstünden düşdi. Sebitdäki habarçymyz soňky ýagdaýlary habar berdi.
Eýranda jemgyýetiň harbylaşmagynyň alamatlary köpelýär. Eýranyň döwlet telewideniýesiniň alypbaryjysy gepleşigiň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň baýdagyny oka tutdy.
Antaliýada üç aýlap ýitirim bolan gyrgyz aýalynyň jesedi tokaýda tapyldy. Stambulda zibil gaplaryndan birnäçe zenanyň jesedi çykdy. Türkiýede resmi däl ýagdaýda işleýän we sesi eşidilmeýän migrant aýallary kim goraýar? Wideo: Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy
Öňki we häzirki suratlar Täjigistanyň paýtagtynda uly depgin bilen alnyp barylýan ozaldan duran jaýlary ýykmak we täzelerini galdyrmak boýunça gurluşyk kampaniýasyny görkezýär. Bu üýtgeşmeler sebäpli käbir ýerli ýaşaýjylar öz şäherlerini tanap bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
4-nji iýunda çap bolan täze emeli hemra suratlarynda üç gün ozal Ukrainanyň pilotsyz uçarlar arkaly eden howa zarbasynyň nyşany bolan Belaýa we Olenýa howa bazalarynda rus uçarlaryna ýeten zeper görkezilýär.
Azatlyga gelip gowşan bir sosial media wideosy Türkmenistanda bolup geçýän köpçülikleýin mal ölümleriniň gerimini görkezýär. Bu wideonyň anyk haýsy welaýatda düşürilendigini anyklap bolmady. Şeýle-de, Azatlyk ätiýaçdan wideonyň sesini hem aýyrdy. Awtor türkmençe gürläp, wideony suratlandyrýar.
Türkmenistanyň hökümeti birnäçe ýyl bäri ýurduň daşyna çykýan walýutany we halkara bank transaksiýalaryny berk gözegçilikde saklaýar. Bu çäklendirmeler türkmen migrantlarynyň ýurtdaky hossarlaryna resmi ýollar bilen pul ugratmagyny kynlaşdyrýar. Wideo: “Migrant Media” #MigrantMediaCentralAsia
Türkmenabadyň bazarlarynda döwlete degişli söwda nokatlarynda satylýan ösümlik ýagynyň hyrydary köpelýär. Günebakar ýagy bazar nyrhyndan biraz arzan satynlanda nobatlarda dartgynlylyk artýar. Hökümet ýag gytçylygynyň sebäbini düşündirmeýär.
Ýene-de ýükle